Awtorlar ýeňijini kesgitleýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň döredijilik topary tarapyndan yglan edilen “ Ata Watan Eserleri” bäsleşigine örän uly gyzyklanma bar. Häzire çenli eýýäm 40-a golaý eser bäsleşige hödürlendi.

Bäsleşige bolan uly gyzyklanmany hasaba alyp, bäsleşigiň guramaçylyk topary, onuň şertlerine täze düzgün girizýär we Täze ýörite baýragy, “Awtorlaryň saýlan eseri” baýragyny getirýär.

Eýsem bu baýrak näme? Täze baýragyň şertleri aşakda bellenilýär. Bu şertlere geçmezden öňürti şeýle baýragy goýmakdaky maksadymyzy aýdyňlaşdyrmagy makul bildik. Bilşimiz ýaly, döredijilik işgäri, beýleki döredijilik işgärleriniň ýazan eserlerine adalatly baha bermäni başarýan adamlardyr.

Biziň bäsleşigimiziň şertlerine görä, ýeňiji bolmak üçin, ýazan eseriň iň köp okalan eser bolmagy hökmany şert.  Öň yglan eden şertlerimize görä, şeýle eserler ýeňiji bolar we bu şertlerimiz öz güýjini saklaýar.  Ol şertlerimizi aşakda täzeden berýäris. Bellenen şertlerimize görä, iň köp okalan eser RedMi 7A telefonyň eýesi bolar. Şeýle hem, iň köp okalan 3 goşgy we iň köp okalan 3 beýleki eserler (hekaýa, oýlanma we ş.m) bellenen baýraklaryň eýesi bolar. Bellemeli zat bolsa, goşgy we beýleki eser (hekaýa, oýlanma we ş.m) ugrundan iň köp 10 eser (jemi 20 esere) höweslendiriji baýrak we hormat hatlary garaşýar. Bular öň yglan eden baýraklarymyz we indi ýene bir baýragy “Awtorlaryň Saýlan Eseri” baýragyny goýýarys. Şeýlelikde bäsleşimizde höweslendiriji we baş baýragy hem goşmak bilen jemi 27 baýrak öz eýelerini tapar.

Täze goşmaça baýrak “Awtorlaryň Saýlan Eseri” baýragynda bolsa, bu baýragyň eýesi bäsleşige eser hödürlän awtorlar tarapyndan saýlanar.

“Awtorlaryň Saýlan Eseri” baýragynyň şertleri

  • Diňe bäsleşige eser hödürlän Awtor, öz eserinden daşary beýleki bir eseri saýlap bilýär. Ýagny, awtor diňe bir eser saýlap bilýär. Ol bolsa, awtorlaryň öz eseri bolman, bäsleşige hödürlenen beýleki bir eserlerden bolmaly. Eger birden köp eser saýlanan bolsa, onda, bu awtoryň saýlan eserleri (eseri) hasaba alynmaýar. Awtor saýlanylmaýar, eser saýlanylýar.
  • Bäsleşik üçin azyndan bäsleşige eser hödürlän awtorlaryň 40 göteriminiň sesi gelip gowuşmalydyr. Mysal üçin diňe 10 awtordan ses gelse, onda, köp ýagdaýda bu awtorlaryň bir-birini tanap bilýänligi ýaly sebäpler bolup biljegi üçin şeýle şert hökmanydyr. Şol sebäpli mysal üçin 100 awtor eser hňdürlese, azyndan 40 awtoryň sesini ibermegi garaşylýar.
  • Awtor 30 Noýabr 2019 senesinden, ýagny, bäsleşine eser kabul edilýän möhlet dolandan soňra, bäsleşige hödürlenen we www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda neşir edilen ähli eserlerden birini-iň halan eserini  saýlaýar. Bu ýerde ses berýän awtor, saýlan eserini, şol eseriň  awtorynyň adyny, şeýle hem şol eseriň saýtymyzda haçan neşir edilendigini bir kagyza ýazyp, bukja goýup, biziň salgymyza Türkmen poçtanyň üsti bilen, ýagny, hat üsti bilen ibermeli. Şol hat bukjasynda, haty iberen awtoryň ady, familiýasy, biziň saýtymyzda bäsleşige hödürlenen öz eseriniň ady we neşir edilen senesi hem ýazylmalydyr.
  • Hatlar : Atawatan Türkmenistan Žurnaly, Aşgabat şäheri, Ankara köçesi 25, A Blok, 403, salgysyna iberilmelidir. Elektron poçta ýa-da beýleki ulgamlar bilen iberilen hatlar – sesler hasaba alynmaýar.
  • Hatlar 19 Dekabr 2019 senesine çenli biziň salgymyza gelip gowuşan bolmaly. Bäsleşik jemlenenden soňra, gelip gowuşan hatlar-sesler hasaba alynmaýar.
  • Awtorlaryň iberen talabalaýyk sesleriň ählisi hasaba alynýar we awtorlaryň beýleki awtorlaryň eserlerine beren sesleriniň arasyndan iň köp sesi alan eser ýeňiji kabul edilýär.
  •  Ýeňijä “Awtorlaryň Saýlan Eseri” ýörite  baýragy gowşurylýar.
  • Baýrak diňe birinji orna-bir orna gowşurulýar.
  • Biz awtorlaryň beýleki awtorlaryň eserlerine adalatly baha berjekdigine ynanýarys we iň gowy eseriň ýeňiji boljakdygyna ynamymyz uly.
  • Ses awtora berilmeýär, awtoryň eserine berilýär, şol sebäpli, bir awtoryň birnäçe eseri ýaryşa hödürlenen bolsa hem diňe bir eserini saýlamaly.

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşiginiň Umumy Şertleri

 

  • “Atavatan Turkmenistan” halkara Žurnaly döredijilik bilen gyzyklanýanlar üçin ýaryş yglan edýär.
  • Siz  ýaryşa islendik ugurda edebi makala, goşgy, hekaýa, oýlanma hödürläp bilerlersiňiz.
  • Siziň ýazan makalalaryňyz www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynda goýular we iň köp okalan eserler ýeňiji bolar.
  • Ýaryş türkmen dilinde alnyp barylar we ýaryşa hemmeler gatnaşyp bilerler.
  • Döredijilik işleri üstümizdäki ýylyň 21-nji oktýabr we 30-nji noýabr aralygynda kabul ediler.
  • Ýeňijiler dekabr aýynyň  20-de  15:00 a çenli eseriň okalan sanyna göra  kesgitlener.
  • Islän mowzuklaryňyzda döreden işleriňizi  atawataneserleri@gmail.com salga ugradyp bilersiňiz.
  • Eseriňizi iberen wagtyňyz doly at we familýaňyzy, telefon belgiňizi we salgyňyzy ýazmagy unutmaň!
  • Iberen eseriňize degişli bolan suratlary hem ibermegiňizi haýyş edýäris! Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir.
  • Ähli ýaryşa hödürlenen Eserleri https://www.atavatan-turkmenistan.com/news.php?cat_id=Ng== Linkinden ýa-da saýtymyzyň Habarlar bölüminiň “Ata Watan Eserleri” atly kiçi bölüminden hem okap bilersiňiz.
  • Ýaryşyň Ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
  • Ähli  ugurlar boýunça iň köp okalan esere-baş baýragyň eýesine 1 sany RedMi 7A telefon sowgat garaşýar!
  • Şeýle hem eserler iki ugur boýunça, ýagny Goşgy we Hekaýa, Makala, Oýlanma ugurlar boýunça jemlener.
  • Her ugur boýunça ilkinji 3 orny eýelän ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar garaşýar.
  • Her ugur boýunça ilkinji 3 orny eýelän ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar garaşýar. Emma, baş baýragy mysal üçin Goşgy ugrundan eser alsa, onda, iň köp okalan 2-nji, 3-nji we 4-nji eserlere, degişlilikde, 1-nji, 2-nji we 3-nji baýrakalar beriler.
  • Bäsleşigiň netijesi boýunça her ugur boýunça iň köp okalan 10 eser höweslendiriji baýraklar we hormat hatlary bilen sylaglanar.
  • Her bir awtor bir we ondan köp möçberde eseri ýaryşa hödürläp biler, emma bir eser 500 sözden köp bolmaly däldir.
  • Ýeňijiler her bir eseriň internet saýtymyzdan okalan sany boýunça kesgitlener.
  • “Awtorlaryň Saýlan Eseri” baýragynda bolsa, ýeňiji beýleki awtorlar tarapyndan saýlanar.

Habarlaşmak üçin:

IMO Atawatan : +993 62 88 02 63

Instagram address: #atavatanturkmenistan

e-mail: atawataneserleri@gmail.com

 

Mahabat

 

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

Sosyal Medya Hesaplarımız:

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşdy

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

Hytaý kagyz demir ýol biletlerinden ýüz öwürdi

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Kaliforniýaly türkmen alym: “Makul Sözlük” daşary ýurtdaky türkmenler üçin umumy salgylanma bolup hyzmat edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçihanasy Yslamabadda golf ýaryşyny gurnady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihasynda brifing geçirildi

Tähranda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri

Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Irlandiýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär