BIZNES

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda «Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Düzgünnamany tassyklamak barada 1629 belgili Karara gol çekildi. Bu barada  Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Resminama laýyklykda, awtomobil ulagynda ýük daşamak işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany ýeňillikli resmileşdirmegiň talaplary we şertleri girizildi hem-de resminamalaryň toplumy kämilleşdirildi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndan fiziki we ýuridik şahslaryň resminamalary kabul edilip başlanýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda aragatnaşyk ulgamy arkaly resminamalary kabul etmek mümkinçiligi döredildi.

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler