BIZNESPEÝDALY MASLAHAT

Awtobus arkaly ýolagçylary gatnatmak :Ygtyýarlandyrmak

Awtobus arkaly ýolagçylary gatnatmak boýunça işiň görnüşleri  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan  ygtyýarlylandyrylýar. Bu barada  “Awtomobil Ulag Hyzmaty” AGPJ-nyň websaýtynda habar berilýär. Şol habarda  Guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslar hem-de bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara umumylykda peýdalanylýan awtobus arkaly ýolagçylary gatnatmak boýunça işiň görnüşleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan Ygtyýarlandyrylýar diýip aýdylýar.

Habarda bellenişine görä, munuň üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň saýtynda görkezilen sanawdaky  resminamalary jemläp, golaýdaky poçta edaralaryna tabşyrylmagy zerurdyr. Ygtyýarnama almak üçin resminamalaryň poçta arkaly iberilmegi tölegsiz amala aşyrylar.

Habarda Resminamalar tabşyrylanda, poçta berilýän arzada mobil telefon belgiňizi görkezmegiňizi haýyş edilýär. Şunda ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan amala aşyrylýan her bir hereket barada siziň telefonyňyza SMS habary iberiler we şol telefon belgiňiz bilen https://e.gov.tm  saýtynda şahsy otaga birigip, ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly ýa-da bermekden ýüz dönderilmeginiň sebäpleri barada giňişleýin maglumatlary alyp biljekdigi bellenip geçilýär.

Awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işleri amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyyarnamany almak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy

  1. Bellenen görnüş boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň adyna arza (iş görnüşleri görkezmek bilen); (gaýtadan almak, möhletini uzaltmak)
  2. Esaslandyryjy resminamalaryň nusgalary;

– ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, (EGRPO, Şahadatnama, Tertipnama tassyklanan nusgalary) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň adyndan resminamalary resmileşdirmäge hukugyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy (ynanç haty, buýruk ýa-da hyzmatyň şertnamasy);

– fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamalaryň nusgasy (bellige alnanlygy barada şahadatnama, pasportyň nusgasy);

  1. Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin, maddy-tehniki enjamlaýyn binýady barada maglumatlar (awtomobil ulag serişdelerine, edara binasyna, ammar jaýlaryna, ýükleýji-düşüriji gurallara we beýleki desgalara eýeçilik etmäge ýa-da olary beýleki kanuny esaslarda peýdalanmaga hukugynyň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary); (tablisa 1)
  2. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň – edara görnüşli tarapyň (ýuridiki şahs) awtoulag kärhanasynyň ygtyýarlylandyrylýan işe ýolbaşçylyk etmäge hukugynyň bardygyny we awtomobil ulag serişdeleriniň ulanyş howpsuzlygy üçin jogapkär diýlip bellenendigini tassyklaýan buýrugyň nusgasy we bu şahsyň ýörite okuw mekdebini tamamlandygy baradaky diplomynyň nusgasy (eger-de işgär sany 50 we ondan köp bolsa);
  3. Hukuk salgysyny we/ýa-da işiň görnüşiniň amala aşyrmakçy bolýan ýerini peýdalanmaga hukugyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasy (Edaranyň ýerleşýän ýeri we/ýa-da kärende ýeri);
  4. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň we işgärler düzüminiň (sürüjileriň zähmet şertnamasy boýunça doly iş güni bilen işleýänler) hünär derejesiniň (kwalifikasiýalarynyň) bellenen talaplara laýykdygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary, (wezipe sanawy); (tablisa 2)

– sürüjileriň sanawy, degişli kategoriýalardaky awtomobil ulag serişdelerine erk etmäge hukuk berýän sürüjilik şahadatnamalarynyň nusgalary; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

– ýükler ugur boýunça daşalanda awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň taýýarlaýyş we gaýtadan taýýarlaýyş meýilnamalary boýunça okuwlary tamamlandyklary baradaky sürüjileriň hünär (kwalifikasion) şahadatnamalarynyň nusgalary; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

– awtomobil ulag serişdeleriniň sürüjileriniň lukman gözegçilik-barlagyndan geçendiklerini tassyklaýan lukman güwänamasynyň asyl nusgasy; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)

  1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň:

– Ekologik pasporty;

– Ýangyn howpsuzlyk kepilnamasy;

– Tehniki howpsuzlyk sertifikaty;

– Arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş, gigiýena kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelýändigi barada sertifikat. (diňe ýuridiki şahslar üçin)

  1. Awtoulaga gerek resminamalar (Awtomobil ulag serişdeleriniň talap edilýän kadalaşdyryjy hukuk, tehniki kadalaşdyryjy namalara hem-de awtomobil ulaglary boýunça Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna gabat gelmegine geçirlen barlagyň netijenamasy (asyl nusga), bellige alnyş güwänamasynyň (tehpasport), guratlyk hatynyň, awtomobil ulag serişdeleriniň ätiýaçlandyrylandygy baradaky şertnamasynyň (awtoulagyň döwlet belgisi ýazylan bolmaly) nusgalaryny; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)
  2. Awtomobil ulaglarynyň ýolagçylarynyň, sürüjileriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy baradaky şahadatnamasynyň – şertnamasynyň nusgalary; (diňe awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrjak dalaşgärler üçin)
  3. Ozal alnan ygtyýarnamalary, şol sanda awtomobil ulagynda daşamak we ulag-ekspedisiýa işlerini amala aşyrmak üçin hukuklarynyň bardygy baradaky maglumatlary (ilkinji gezek ygtyýarnama alýanlar muňa girmeýär)
  4. Kärhananyň adyndan ygtyýarnamany almak üçin gelen wekiliň ynanç hatynyň we pasportynyň nusgasy;
49.31.10 Şäheriň çäginde ýerine ýetirilýän ugur boýunça ýolagçy gatnadýan ýerüsti ulaglaryň işi (diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)
49.31.20 Şäherýaka ugurlary boýunça ýolagçy gatnadýan ýerüsti ulaglarynyň işi (diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)
49.32.10 Ýolagçy gatnatmak boýunça taksileriň işi
49.33.00 Ýolagçylary ýeňil awtoulaglarda gatnatmak işi
49.39.10 Şäherara ugurlar boýunça ýolagçy gatnadýan beýleki ýerüsti ulaglaryň işi(diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)
49.39.20 Halkara ugurlar boýunça ýolagçy gatnadýan beýleki ýerüsti ulaglaryň işi(diňe awtobuslar boýunça amala aşyrylyp bilner)
49.39.30 Awtobuslarda ýolagçylary rejä garaşsyz gatnatmak işi
Bu klas öz içine alýar: ýolagçylary awtobuslarda rejä garaşsyz şäheriçi, şäherýaka, şäherara we halkara gatnatmalary
49.41.00 Ýük awtoulag serişdeleriniň işi (howply ýükleri daşamak muňa girmeýär)
Bu klas öz içine alýar: ýük awtoulag ulagynyň işi: agaç materiallaryny, haýwanlary, refrizeratorlary, agyr agramly ýükleri daşamak; gaplanylmadyk (uýgup ýatan ya -da suwuk görnüşli) ýükleri daşamak, awtosisternalaryň işini hasaba alyp (meselem, fermalardan süýt daşamak), ýygnalmadyk we ýok edilmedik görnüşindäki galyndalary daşamak Bu klas şeýle-de öz içine alýar: ýük maşynlaryny sürüjisi bilen kärendesine bermek: ulag serişdeleri bilen janly ýükli tirkegleri daşamak; Bu klas öz içine almaýar: agaç önümlerini daşamak (02.40 seret); ýük daşaýan ulaglar arkaly suw paýlamak (36.00 seret); galyndylary daşamak, eger işiň bu görnüşi galyndylary täzeden işlemek bilen üznüksiz baglanyşykly bolsa (38.11; 38.12 seret); howply ýükleri daşamak (49.43 seret); ýükleri ulagda işlemek boýunça terminallaryň işleri (52.21 seret); ýükleri daşalyan wagty gaplamak (52.29 seret); poçta we hat gatnadyş işleri (53.10; 53.20 seret)

Ulag-ekspedisiýa işi

52.29.22 Awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamagy guramak, ýükleri ekspetisiýa ýetmek (ýany bilen gitmek) işi

 

 

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri