JEMGYÝET

Awiabiletleri Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyndan satyn almak mümkinçiligi

Ýurdumyzyň Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyndan uçar biletlerini satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyna girip, şol ýerden “Transport, logistika we gümrük gullugy” bölümi saýlanyp alnyp, şol ýerden bilet satyn alyp bolar. Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň “Android” we “iOS” goşundylar hem bar.

Täze hyzmat ugry bilen ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi şäherlerine “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýerine ýetirýän uçar gatnawlary üçin biletleri alyp bolar. Olar – Aşgabat, Daşoguz, Kerki, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyndan otly ugurlary boýunça hem biletleri satyn alyp bolýar.

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu internet hyzmatlar portaly arkaly dürli tölegleri onlaýn etmek mümkinçiligi bardyr. Şeýle hem bu ýerde döwlet edaralaryna ýüz tutmak üçin peýdaly maglumatlar hem ýerleşdirilendir. Portalyň iş çygry yzygiderli giňeldilýär.

Ýene-de okaň

CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşdy

 “CIET 2025”: Arkadag şäheri halkara derejesinde ýokary baha aldy

Awazada “CIET 2025” halkara sergisi we maslahaty başlady

Türkmenistandan dünýä ýalkym saçan akyldarlar: Ibn Sina we Al-Biruni

Türkmenistan Gazagystan serhedine çenli awtomobil ýoluny gurar

Ata Watan Eserleri

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri