MEDENIÝET

Awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Hususan-da, awgust aýynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde birnäçe çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljek aýda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly maslahaty geçirmek, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahaty guramak, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny, Daşoguz şäherinde “Garaşsyzlyk — dillerimiziň dessany” atly festiwaly we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder