JEMGYÝET

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

“Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk baş­la­maz­dan ozal, we­ki­li­ýet­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň üç ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň hem-de du­şu­şy­gyň ban­ne­ri­niň öňün­de bi­le­lik­de su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Soň­ra üç­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mek we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ge­çir­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin do­gan­lyk ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­ny kö­pa­syr­lyk dost-do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, umu­my ta­ry­hy-me­de­ni, ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Bu bol­sa kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy üçin berk bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew Ha­zar deň­zi­niň aja­ýyp ke­na­ryn­da­ky gep­le­şik­le­riň we du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem öz­bek Li­de­ri ýa­kyn­da Awa­za­da ge­çi­ri­len BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi oňa gat­na­şan döw­let­le­riň ta­ry­hy­na mö­hüm sa­hy­pa bo­lup ýa­zyl­dy.

Üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew çy­kyş edip, bu du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu ýy­lyň iýu­lyn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran we hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hy­nda tä­ze sa­hy­pa­ny açan sa­pa­ry­ny ýat­la­dy. Mu­nuň özi iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Azer­baý­ja­nyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka ul­gam­lar­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Pre­zi­dent Il­ham Ali­ýew de­giş­li ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek, öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ry ama­la aşyr­mak üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na ün­si çek­di.

“Soň­ky ýyl­lar­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry­my­zy ös­dür­mek üçin üç döw­let ta­ra­pyn­dan uly ta­gal­la­lar edil­di. Biz esa­sy ul­gam­lar­da — sy­ýa­sat­da, ener­ge­ti­ka­da, ulag­da, söw­da­da, se­na­gat­da, ma­ýa go­ýum­lar­da, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­da, san­ly­laş­dyr­mak­da, me­de­ni­ýet­de, ylym­da we bi­lim­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin mö­hüm çä­re­le­ri gör­ýä­ris. Bu bol­sa öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär” di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz belledi.

ENERGETIKA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­me­giň tä­ze ugur­la­ryn­dan peý­da­lan­mak­da go­şan­dy örän ulu­dyr. De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta we Gün­do­gar — Gün­ba­tar ugur­la­ry bo­ýun­ça ulag ge­çel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de iş­jeň­leş­dir­mek­de, bi­ziň çäk­le­ri­miz­de ne­ti­je­li lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­de se­bi­tiň ýurt­la­ry mö­hüm or­ny eýe­le­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri do­ly üp­jün et­mek­de mil­li ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly go­ru­ny dö­ret­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu stra­te­gik mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me hem-de üç döw­le­tiň gat­naş­ma­gyn­da top­lum­la­ýyn, he­mi­şe he­re­ket ed­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­ler ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk möhümdir. Ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­por­ty­nyň uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni aý­dyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ul­gam­da Öz­be­gis­tan bi­len ýo­la goý­lan gat­na­şyk­lar­da oňyn tej­ri­be top­la­nan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan her ýyl Öz­be­gis­ta­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň köp möç­be­ri­ni iber­ýär.

Mil­li Li­de­ri­miz gel­jek­de türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na iber­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny bel­läp, hä­zir­ki wagt­da Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da kuw­wat­ly­ly­gy 1 müň 574 me­ga­wat bo­lan tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi­niň türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Azer­baý­ja­na we onuň çä­gi ar­ka­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na iber­mek üçin goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­tan­dan Azer­baý­ja­na we Öz­be­gis­ta­na te­bi­gy ga­zy iber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň ara alnyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.

ÜÇTARAPLAÝYN BITEWI ULAG STRATEGIÝASY IŞLENIP DÜZÜLER

“Üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk­da ulag ul­ga­my aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bu ul­ga­myn­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň ös­me­gi üçin stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe­dir” di­ýip, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Azi­ýa­ny Ýew­ro­pa bi­len bir­leş­dir­ýän ulag ge­çel­ge­le­ri­niň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň çä­gin­den, şeý­le-de Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­niň üs­tün­den ge­çip, yk­ly­myň köp ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň ösü­şin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu ge­çel­ge­le­riň ulag ugur­la­ry­ny köp­ta­rap­ly esas­da ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. “Mu­nuň özi üç ýur­duň üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Hä­zir­ki aja­ýyp müm­kin­çi­lik­den peý­da­lan­ma­gy­my­zy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň bi­te­wi ulag stra­te­gi­ýa­sy­ny dö­ret­mä­ge gi­riş­me­gi­mi­zi ze­rur ha­sap­la­ýa­ryn” di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

ÜÇ DÖWLETIŇ GATNAŞMAGYNDA SENAGAT KOOPERASIÝALARY ÝOLA GOÝLAR

Uzak möh­let­le­ýin dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne da­ýa­nyp, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny ep-es­li art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy ösü­şi hö­wes­len­dir­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz söw­da­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, ho­ja­ly­gy ýö­red­ýän dü­züm­le­riň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­me­giň we ony iş­jeň ulan­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da “Da­şo­guz — Şa­bat” ser­het­ýa­ka söw­da zo­la­gy­nyň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li işe gi­ri­zil­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­ny ýo­la goý­mak ba­bat­da 2026 — 2035-nji ýyl­lar döw­ri üçin üç ýur­duň çä­gin­de se­na­gat tas­la­ma­la­ry­na bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rüp, bu çe­me­leş­mä­niň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ne­ti­je­li alyş­ma­ga, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da önüm­le­riň mil­li gör­nüş­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

GOL ÇEKILEN RESMINAMALAR

Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Onuň çäk­le­rin­de:

  • “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” döw­let gul­lu­gy bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hal­ka­ra ho­wa gat­na­wy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • Ar­ka­dag şä­he­ri (Türk­me­nis­tan) bi­len Fi­zu­li şä­he­ri­niň (Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy) ara­syn­da do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­mak ha­kyn­da Tes­wir­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň De­ňiz we der­ýa ulag­la­ry döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da gä­mi gur­lu­şy­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma;
  • «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» döw­let gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ha­kyn­da Tes­wir­na­ma;
  • Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy bi­len «Öz­bek res­pub­li­kan ha­ryt-çig mal bir­ža­sy» paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga;
  • Türk­me­nis­ta­nyň De­mir ýol ulag­la­ry mi­nistr­li­gi­niň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň San­ly ösüş we ulag mi­nistr­li­gi­niň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da ulag-lo­gis­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.

ILHAM ALIÝEWE BEDEW, ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWE KÖŞEKLI ARWANA DÜÝE SOWGAT BERILDI

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri bi­le­lik­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni çä­re­le­re gatnaşdy.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ni, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­ni me­de­ni çä­rä­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne ýyg­na­nan­lar “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şy­ga gat­na­şan­dyk­la­ry, ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça oňyn çöz­güt­le­riň ka­bul edi­len­di­gi we yla­la­şyk­la­ryň ga­za­nyl­ma­gy­na gol­daw be­ren­dik­le­ri üçin, türk­men ta­ra­py­nyň çuň­ňur ho­şal­ly­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de dost­luk­ly ýurt­la­ryň Baş­tu­tan­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan Ta­wus at­ly aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi sow­gat be­ril­di. 2022-nji ýyl­da dog­lan, Gün­do­gar hem-de Gaý­ma at­ly be­dew­le­riň nes­li bo­lan ak­ýal me­le reňk­li bu be­dew ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len Fa­kir­päl­wan at­ly be­de­wiň ne­sil ug­ru­na de­giş­li­dir.

Soň­ra Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we türk­men hal­ky­nyň adyn­dan kö­şek­li ar­wa­na dü­ýä­niň sow­gat be­ril­ýän­di­gi yg­lan edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz do­gan­lyk döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di hem-de ola­ry sow­gat­la­ry bi­len gut­la­dy. Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne Ta­wus at­ly aja­ýyp be­de­wiň gü­wä­na­ma­sy­ny uly hor­mat bi­len gow­şur­dy. Şeý­le hem Mil­li Li­de­ri­miz “Ula hor­mat, ki­çä sy­lag” di­ýen paý­has­ly jüm­lä eýe­rip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ne ar­wa­na dü­ýä­niň res­mi­na­ma­sy­ny gow­şur­dy. Do­gan­lyk döw­let­le­riň Li­der­le­ri gow­şu­ry­lan bu sow­gat­la­ry öz ýurt­la­ry­na we halk­la­ry­na bil­di­ri­len çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul ed­ýän­dik­le­ri­ni nyg­tap, mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, tu­tuş türk­men hal­ky­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler