BIZNES

Awazada işewürlik duşuşygy geçirildi

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny we dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň türkmen bazaryndaky orunlaryny pugtalandyrmaklaryny goldaýandygyny bellediler.

Häzirki günde ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de kiçi we orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösdürilmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin oňaýly guramaçylyk-hukuk guraly döredildi.

Myhmanlar öňdebaryjy kompaniýalaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, doganlyk ýurtlaryň halklarynyň bähbidine giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlarynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri seljerildi. Bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary ylalaşyldy.

Işewürlik duşuşygynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we özara düşünişmek hakynda Jarnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri