MEDENIÝET

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Meýilnama laýyklykda, festiwaly hem-de “Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty Hazar deňziniň kenarynda — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwala köp ýurtlardan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Rumyniýadan, Eýrandan, Hindistandan hem-de Hytaýdan folklor-tans toparlary gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçiriljek çäräniň möhüm ähmiýeti barada aýtdy hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi