JEMGYÝET

“Awaza” ýörite otly gatnawlary guralar

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň ýygnagyna gatnaşdy. Bu mejlisiň barşynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alşy guramagyň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Mejlisiň barşynda “Türkmendemiýollary” agentliginiň başlygy hasabat berdi. Ol öz hasabatynda tomusky dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda, welaýatlardan we Aşgabatda şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyzy demirýol ulagy arkaly şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça ýörite otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşirilýär.

Demirýol ulgamynda ýoagçylar gatnadylanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän gullugynyň işgärleri bilen birlikde ýolagçy wagonlarynda demirýol menzilleriniň binalarynda hem-de beýleki ýerlerde gündelik yzygiderli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.

“Türkmendemiýollary” agentliginiň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Kerwen” sagaldyş-dynç alyş merkezi tomus möwsüminde raýatlaymyzy kabul etmäge doly taýýar edildi.

 

Krossword bäsleşigiň ýeňijileri : Atavatan Krossword

 

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy