DÜNÝÄ

Awaza forumy üstünlikli jemlendi

Şu gün — 8-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň resmi ýapylyşy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi.

Munuň özi Awaza forumynyň guramaçylykly hem üstünlikli jemlenendigini dünýä ýaýan taryhy waka boldy.

Forumyň soňky gününde geçirilen mejlisde maslahatyň jemleri jemlendi. Mejlisde çykyş eden wekiller forumyň ýokary derejede geçirilip, onda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini aýtdylar. Şeýle hem çykyş etmek üçin halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilen ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerden we forumlardan ýörite wekillere söz berildi. Olar degişli çäreleriň geçişine syn berip, olarda öňe sürlen garaýyşlar, kabul edilen çözgütler, öňde goýlan wezipeler barada beýan etdiler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasyny tassyklaýan syýasy Jarnama kabul edildi.

Jemleýji çykyşlarda Awaza forumynyň öz işini tamamlandygyna garamazdan, bu ýerde kabul edilen çözgütleri hem-de öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin hereket etmegiň wagtynyň gelendigi aýratyn bellenildi.

Forumyň jemleýji mejlisinden soň, bu çärä bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

Soňra ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda halkara forumyň tamamlanmagynyň nyşany hökmünde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi.

Ýene-de okaň

Putin Alýaska sapar eden ilkinji rus lideri bolar

Azerbaýjan bilen ABŞ strategik hyzmatdaşlygyny ösdürer

Putin bilen Tramp 15-nji awgustda Alýaskada duşuşar

Türkmenistan bilen UNCTAD “akylly” gümrük boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýar

Türkmenistan bilen Butanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy