JEMGYÝET

Awaza forumy: deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere maýa goýumlary gönükdirmek möhümdir

Türkmenistanda ýene-de bir iri hem-de möhüm halkara maslahaty öz işini tamamlady. Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Oňa dünýäniň 40-den gowrak döwletinden hem-de 30-dan gowrak halkara guramadna wekiliýet gatnaşdy.

“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan forumyň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň Jemleýji Beýannamasy kabul edildi.

Bu beýannamada “Deňze çykalgasy bolmadyk 32 döwletiň üznüksiz ulag gatnawlaryny üpjün etmek üçin ulag düzümindäki tapawudyň aradan aýrylmagy uly möçberli maýa goýumlarynyň hem-de maliýe serişdeleriniň jemlenilmegine, şeýle hem COVID-19 pandemiýasyndan ozal jemi ABŞ-nyň 0,51 trillion dollary möçberinde maliýe ýetmezçiligine baha berilmegine baglydyr, bu ýetmezçilik soňky iki ýylyň dowamynda has-da köpeldi. Ösüş banklary tarapyndan täze hem-de goşmaça maliýeleşdirilmegi bu maksada ýetmekde tagallalar üçin aýratyn peýdaly bolup biler” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem “Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag düzümlerine mümkin bolan ähli çeşmelerden maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de olaryň maliýeleşdirilmegi örän möhüm bolup durýar. Ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda başlangyçlaryň öňe sürülmegi bu ýurtlarda ulag düzüminiň durnukly özgerdilmegini goldamak üçin zerur bolup galýar hem-de şeýle hyzmatdaşlyk giňeldilmelidir. Döwlet we hususy bölek az ösen ugurlara maýa goýumlaryny hem-de tehnologiýalary çekip bilerler” – diýlip beýannamada bellenilip geçilipdir.

Mundan başga-da, beýannamada: “Halkara bileleşigi deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde düzümleriň ösdürilmegine ähli çeşmelerden, içerki serişdelerden, resmi goldawdan Demirgazyk — Günorta, Günorta — Günorta hem-de döwlet we hususy hyzmatdaşlygy üçtaraplaýyn görnüşde ösdürmek maksady bilen degişli düzümlerde emele gelen boşlugy hem-de ýetmeýän ugurlary doldurmak üçin milli we halkara ösüş banklarynyň serişdeleriniň hasabyna her ýylky maýa goýumlaryny pesinden iki esse artdyrmaga çalyşmalydyrlar” – diýlip bellenilmegi Türkmenistn tarapyndan öňe sürülýän meseleleriň örän wajyp bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Maslahatda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üznüksiz aragatnaşygyny hem-de düzümleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.

Mümkinçilikleri giňeltmek, ulag maglumatlary, ýol hereketiniň howpsuzlygy, düşewüntli düzümleýin taslamalary düzmek hem-de ulag we üstaşyr ulgamlarda maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalaryny has giň peýdalanmak ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlyga aýratyn çagyryş beýan edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Mongoliýa: 14 resminama gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleri duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýada resmi dabara bilen garşylandy

“Intellektual Umyt” gepleşigi: Dr. Kakajan Kömürow

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa döwlet sapary bilen bardy