Şu gün Günüň ýaşyp gelýän çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähinde «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly öz işine başlady. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda festiwalyň ýörişine gatnaşyjylaryň öňünde türkmenistanly körpeler «Küştdepdi» tansyny we aýdymyny ýerine ýetirdiler. Dabaranyň Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Festiwalyň birinji gününiň meýilnamasyna laýyklykda, ilki bilen oňa gatnaşyjy folklor we tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýasy hemmelerde uly täsir galdyrdy. Halkara festiwala ýurdumyzyň birnäçe tans we folklor toparlary bilen birlikde, Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» rus tans topary, Gazagystanyň «Jorga» we «Aktau sazy» halk folklor toparlary, Täjigistanyň «Lola» tans we folklor topary, Rumyniýanyň «Transilwaniýa» folklor topary, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Riwaýat», Eýranyň «Zendegi Mazandaran» tans we aýdym-saz topary, Hindistanyň «Bihu» folklor we tans topary, Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk mekdebiniň tans topary, Özbegistanyň «Parwoz» hem-de «Bogdon» halk aýdym we tans toparlary gatnaşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, medeni çäräniň çäklerinde «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, festiwala gatnaşýan türkmenistanly hem-de daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň konsertiniň, daşary ýurtly tans goýujylaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygynyň we ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi, şeýle-de myhmanlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrylmagy we Awaza derýasynda gämili gezelenç etmekleri meýilleşdirilýär.
«Awaza – 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly dowam edýär.
