SIZDEN GELENLER

Atçylyk pudagynyň ösüşli menzilleri

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň hatarynda, däp bolşy ýaly, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahatyny, dürli baýramçylyk at çapyşyklaryny, konkur, marafon ýaryşlaryny, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara bäsleşigini, ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar. Biziň ýokary okuw mekdebimizde guralan bu bäsleşik sergisi hem türkmen bedewini sungatyň dili bilen döwrebap röwüşde wasp edýän ajaýyp eserleriň owadan meýdançana öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň örüsini giňeltmekde, olaryň nesil arassalygyny saklamakda, atçylyk sportuny ösdürmekde, türkmen bedewleriniň şanly taryhyny, seýisçilik ýoluny geljek nesillere ýetirmekde nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri nusgalyk göreldedir.

Ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan we atşynaslaryň arasynda hünär bäsleşigi hasaplanylýan gözellik bäsleşiginiň her ýylda geçirilmegi Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň saklanmagyna we olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, ajaýyp bedewleriň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde, milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar we şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine hem-de aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.

Dünýäniň atçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanylýan bu toplumda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän, gözelligiň, ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde asylly bedew Türkmenistanyň ajaýyp nyşany — taryhy tejribäniň dowamatlylygynyň nusgasy, belent ýörelgeleriň dabaralanmagynyň, tutanýerli zähmetiň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna güýç-gaýratly ymtylmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Häzirki döwürde ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň nyşanyna, milli mirasyň dowamatlylygynyň, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesine, milli we dünýä medeniýetiniň taryhy özboluşlylygy bolan ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň ajaýyp tumaryna, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbine öwrüldi.

Häzir dünýäniň ençeme künjeklerinde atçylyk toplumlarynyň, pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, atçylyk sporty toparlarynyň täzeden dikeldilmegine hem-de şu babatda netijeliligi asyrlar arkaly synagdan geçen türkmen atçylygynyň däplerine yzygiderli gyzyklanma bildirilýär, atlary öwrenmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler halk seçgiçileriniň ahalteke bedewi ýaly beýik sungat eserini dünýä diňe bir peşgeş bermän, eýsem, bu gymmatly atlary olaryň ajaýyp häsiýetleri bilen arassa ganlylygyny hem saklamagy başardy.

Aganyýaz Magamedow, 
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ Zootehniýa taýýarlyk ugrunyñ 1-nji ýyl talyby.

 

Ekologiýa abadançylygy – ýaÅŸaýşyň gönezligi

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty