Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde atçylyk pudagynda hem sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.
At çapyşyklaryndaky goýumly bäsleşikleri sanly tehnologiýalardan peýdalanylyp, ýörite kartlar arkaly terminallaryň üsti bilen amala aşyrmak mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar.
Sanly tehnologiýalaryň atlary çipleşdirmekde hem ähmiýeti uludyr. Çünki at baradaky maglumatlaryň elektron gory döredilip, ol hem elektron maglumat göteriji — çipe girizilýär. Şeýlelikde, atlar barada islendik maglumat gerek bolsa, skaneri ata ýakynlaşdyryp maglumatlary aralykdan okap ýa-da göçürip bolýar. Bu bolsa ýurduň içinde-de, atlar döwletler arasyndaky serhetlerden geçende-de, bildirilýän talaplar boýunça maglumatlary sanlyja sekuntlaryň içinde almaga mümkinçilik döredýär.
Çapuw atlarynyň interaktiw trenažory çapyksuwara aty ynamly çapmaga, ussatlygyny ýokarlandyrmaga, atyň bedenindäki sensorlar arkaly ähli maglumatlary ekranda görmäge, bedenini berkitmäge, çydamlylygyny artdyrmaga uly peýda getirýär. Çapuw atlarynyň interaktiw trenažorynyň kömegi arkaly çapuw ýodalarynyň görnüşlerini üýtgedip çapmak, çapuwyň dowamynda 40 müňe golaý taktikany barlap görmek mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar. Şeýle hem çapyksuwar türgenleşik çapyşygyny täzeden gaýtalap görüp, goýberen säwliklerine seljerme berip bilýär.
Türkmen bedewleriniň nesil ugurlary boýunça maglumatlaryň goruny döretmek, ýagny degişli maglumatlary toplamak, saklamak we gaýtadan işlemek, gerek bolan ýagdaýynda tiz gözläp tapmak ýaly mümkinçilikler ulgamyň işgärleriniň işini ýeňilleşdirýär. Şeýle hem sanly ulgamda ýerleşdirilen maglumatlar gyzyklandyrma bildirýän raýatlar üçin baý maglumat çeşmesi bolup durýar.
Geçirilýän at çapyşyklaryny wideo ýazgy etmekde, olarda montaž işlerini geçirip, teswirläp, gyzgyny bilen tomaşaçylara ýetirmekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar. Şeýle hem at çapyşyklarynda fotofiniş ulgamynda, atlar belli bir aralyga göçürilende wideo gözegçilik etmekde, atlar üçin ýöriteleşdirilen türgenleşik enjamlary bolan ylgaw ýodalarynda, wibratorlarda we başga-da birnäçe ugurlarda giňden peýdalanylýar.