TEHNOLOGIÝA

Atavatan Krosswordy ilkinji bolup Çözüň: Sowgady utuň!

Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sowgatly bäsleşik yglan edýär. Bäsleşigiň şerti aňsat we bäsleşik online tertipde geçýär. Bäsleşik 13.05.2021 senesinde Oraza Baýramy güni geçirilýär.

Bäsleşigiň şertlerini doly we ünsli  okamagyňyz haýyş edýäris. Şol sebäpli bu habary doly okaň!

  1. Bäsleşige gatnaşmak üçin atavatan-turkmenistan.com saýtyna agza bolmaly (agza bolmak üçin adyňyz we telefon belgiňiz ýazmaly)
  2. Bäsleşigiň soraglary we linki 13.05.2021 senesinde sagat 15:00-da saýtymyza goýular.
  3. Ýeňiji bolmak üçin agza bolunan görnüşde Atavatan Krossword bäsleşigindäki soraglary  dogry jogabyny ilkinji bolup bilmeli.

Ýaryşlardan we ýeňijiniň kim bolanlyny ilkinji bolup habarly bolmak üçin  Applikasiýamyzy şu ýere basyp ýükläp alyň!

Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sahypasy,  çagalar üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän  Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat  sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük,  ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän  Oýunly Sözlük,  kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda  Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we  Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar. Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.

Soraglar nähilli bolar?

Atavatan Krosswordyň  Türkmen dilindäki ilkinji online krossword bolup durýandygyny ýene bir gezek aýratyn bellemek gerek. Atavatan Krossword kiçi bölüminiň bazasynda jemi 2000 sorag bar.  Bu  soraglaryň ähli jogaplaryny öwrenmek Siziň maglumat baýlygyňyzy has giňeltmäge kömek eder.

Atavatan Krossword her gün täzelenýär we hergün 15 soragy Size berýär. Online görnüşdäki bu Krosswordy online çözüň, wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!

Bellemeli zat, şu linkdäki 15 sorag sowgatly bäsleşik üçin berilýän soraglar däldir. Emma, sowgatly bäsleşikdäki beriljek 40 soragyň ählisi,  şeýle hem her gün täzelenýän krosswordymyzdaky soraglaryň ählisi  biziň sorag bazamyzdaky jemi 2000 sany soragyň arasyndan awtomatik usulda saýlanýar.

Şol sebäpli Siziň her gün çözýän 15 soragyň biri ýa-da birnäçesi sowgatly krosswordaky soraglardan bolup biler. Şeýle bolansoň  biziň her gün täzelenýän krosswordymyzy yzygiderli çözýän okyjylarymyzyň sowgatly krossword bäsleşiginde  has üstünlikli netije aljakdygyna ynanýarys. Sowgatly bäsleşigiň linkiniň yglan edilmegine entek wagt bar (13.05.2021) we soraglar bilen umumy tanyşmak, wagtyňyzy gyzykly geçirmek üçin şuwagtdan krossword sahypamyza her gün şu ýere basyp gelip duruň! Biz şeýle sowgatly krossword bäsleşigini gelejekde hem wagtal-wagtal geçirip durarys.

Bäsleşigiň baýraklary  Makul Sözlük Applikasiýasyndan

Ýeňijiler online usulda, ýagny, agza bolanlaryň arasyndan ýörite programma boýunça ilkinji bolup ähli soraglary  kim dogry çözen bolsa olar diýip yglan edilýär. Baýraklar pul görnüşde bolup, baýraklar agza bolunan wagty girizilen telefon belgisine ýatyrylýar. Şol sebäpli ýaryşa gatnaşýanyň özüne degişli telefon belgisi bilen agza bolmagyny haýyş edýäris.

Şol bir wagtda Türkmen we Iňlis dillerinde gepleýän, ilkinji sesli Akylly sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy (www.makulsozluk.com Applikasiýasyny ýükläp almak üçin şu ýere basyň) bäsleşikde  jemi 5 baýrak goýýar. Her bir baýragyň möçberi  200 manat.

Baýraklar krosswordy çözen ilkinji 5 agza gowşurulýar. Baýraklar ýeňijiniň agza bolan wagty girizen telefon belgisine geçirilýändigini ýene bir gezek ýatladýarys.  Ýeňijiler yglan edilende telefon belgisini habarda görkezmeýäris. Şol sebäpli meňzeş atlaryň bolmagyndan gaça durmak üçin özüňiziň doly adyňyzy we familýaňyzy ýazyp agza bolmagyňyzy haýyş edýäris. Ýeňijileriň  bolan wagty görkezen ady yglan edilýär. Ýeňiji diňe 40 soragyň ählisini dogry çözen ilkinji 5 agza bolar!

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

Ýene-de okaň

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri