BIZNES

“Atasay Kuyumculuk” Aşgabatda dükanyny açdy

Türkiýäniň belli “Atasay Kuyumculuk” ägirdi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde öz dükanyny açyp, Merkezi Aziýanyň bazaryndaky ornuny aldy. Bu barada “Patronlardunyasi.com” elektron neşiri habar berýär.

Türkiýäniň zergärçilik önümleriniň meşhur öňdebaryjysy “Atasay Kuyumculuk” Aşgabat şäherinde ilkinji dükanyny açmak bilen global ösüş strategiýasynda möhüm sepgit gazandy. Bu ädim kompaniýanyň Merkezi Aziýadaky ornuny güýçlendirýär we sebitdäki ilkinji françaýzing dükany boldy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Atasaý Kamer bu barada beren beýanatynda: “Altyn we göwher şaý-sepleriniň ajaýyp ýygyndysyny türkmen müşderilerine hödürlemekden hoşaldyrys. Türkmenistanyň baý mirasy we medeniýeti bizi haýran galdyrýar” – diýip belledi.

Aşgabatda täze açylan dükanda iň ýokary ülňülere laýyk gelýän altyn-kümüş, göwherden ýasalan şaý-sepleriň giň toplumy hödürlenýär.

Kompaniýanyň Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde we Fransiýada 180 dükany bolup, geljekde olaryň sanyny London we Amsterdam ýaly şäherlerde açyljak dükanlar artdyrmak maksat edinilýär.

1937-nji ýylda esaslandyrylan “Atasay Kuyumculuk” Türkiýäniň altyn-kümüş şaý-sepler ulgamynda öňdebaryjylarynyň biridir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi