«Gelneje, diplom iş taýýarlaýan welin, mirasgär Atamyrat Şagulyýewiň döredijiligi hakynda bilýänleriňizi gürrüň beräýiň-dä!» diýip, talyp gyzlaryň birinden jaň geldi. Bilenimden aýtdym, ýöne soň öz ýanymdan pikir etdim. Köplenç ondan bilmeýän zatlarymy öwrenip ýörün. Atamyrat aganyň döredijiligi hakynda ýazmaga mende-de maglumat az däl — diýip oýlandym.
Bir gezek biri maňa gyssagly ýagdaýda «salaty» sözüniň manysyny sorap jaň etdi. Entek eşitmedik sözüm bada-bat gyzyklandyrdy. Onsoň oňa:
«Özüm bu barada hiç zat bilemok, ýöne häzir halypalardan sorap göreýin» diýdim-de, Atamyrat aga jaň aýladym. Ol:
— Oglana — «dogma», gyza — «salaty» diýilýändigini bilýän — diýdi. Şol pursat meşhur Girman bagşynyň miras galdyran «Gürjiniň» atly halk aýdymyndaky:
«Bir salatyn boýlym sallanyp geçdi,
Gözüme sataşdy haly Gürjiniň…» diýen sözleri ýadyma düşdi. «Salaty» bilen «salatyn» sözüniň manysy hakynda ýene sowal berdim.
— Alymlar Aşyrpur Meredow bilen Sapar Ahallynyň sözlüginde «salatyn» sözi — ser, soltan, başga sözlükde bu sözüň ýurt ýykan, bozuk diýen ýaly manylarynyň bardygy aýdylýar — diýip, nusgawy edebiýatymyzda rakyp sözüniň täze doglan bäbege «ene-atasyna rakyplysy bolsun» diýlip arzuw, wepa manyda, «Ýar bilen meniň arama rakyplar düşdi neýläýin» diýip, duşman manyda ulanylyşy ýaly «salatyn» sözüniňem iki manyda ulanylyşyny düşündirdi. «Gürjiniň» aýdymda «salatyn» sözi «şa sypatly gyz, soltan gyzy» diýen ýaly gowy manyda gelýär — diýdi.
Şunuň ýaly gyssagly ýagdaýda kömek gerek bolsa ilki bilen ýüz tutýan halypalarymyň biri Atamyrat aga. Öň ony teleýaýlymda «Ýedigen» gepleşigini alyp barýan döwürlerinde gaýybana tanaýardym. Bir topar edebiýaty öwreniji alymlar, ýazyjy-şahyrlar, mirasgärler, hudožnikler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, aýdymçylar, zergärler şol gepleşikde çykyş ederdiler. Olaryň ählisem halkymyzyň öňünde uly hyzmat bitiren belli halypalardy, emma näme üçindir şu mahalam olaryň haýsy biri hakynda söz açylsa öňi bilen «Ýedigen» gepleşigi hakydama gelýär. Belli mirasgärler Ümür Esenow, Atda Gurbangeldiýew, Aşyrmyrat Hasmämmedow, Kömek Annasähedow, satiraçylar Pyhy Tagan, Gurban Wehimi, Magtymgulyşynaslar Abdyrahman Mülkamanow, Annadurdy Molla şahyr, Ýusup Azmun we başga-da gaty köp meşhur halypalaryň şol gepleşikde gyzykly, täsirli söhbetler bilen çykyş edeni ýadymda. Şonuň üçin Atamyrat aganyň milli mirasymyz bilen bagly baý tejribesiniň bardygyny bilýän. Şol sebäpli şeýle ussatlar hakynda ýatlamalar ýazanymda hökman Atamyrat aga jaň aýlap, ondan olar hakynda bilýän ýatlamalaryny gürrüň bermegini haýyş edýän.
Atamyrat aga belent adamkärçilikli halypa. Işläp oturan pursady iş ýerine barsaňam, gaşyny çytman garşy alýar. Bilýänini gysganman gürrüň berýär. Onuň gürrüň beren ýatlamalary soňky 4-5 ýylyň dowamynda halypalar hakynda ýazan makalalarymyň agramly bölegini bezedi. Sebäbi manyly, täsirli, gyzykly wakalar bilen bezelende makalalar has şüweleňli okalýar. Bu babatda Atamyrat aganyň aýratynlygy, ol haýsy zat hakynda gürrüň berse, sagdyn, düşnükli hemem täsirli gürrüň berýär. Ýadyňda gowy galansoň, aýdýan wakalaryny kagyza geçirmek aňsat.
Ol metbugat sahypalarynda işjeň çykyş edýär, ýöne men ony teležurnalist hökmünde has ussat hasaplaýan. Bu elbetde, şahsy pikirim. Mümkin «Ýedigen» gepleşigi bilen meşhurlyk gazanany üçin şeýle pikirde bolmagym ahmal. Sebäbi kimdir biri bilen gürrüňdeş bolup «Atamyrat Şagulyýew» diýip, ady agzalsa söhbedimiz «Ýedigen» gepleşiginiň ýatlamalaryna syrygýar. Ine, şol sebäpli Atamyrat aga bilen döredijilik gatnaşygymyz başlandy.
Bir gezek oňa jaň aýlap: «Indi kim hakynda ýazsamkam?» diýip maslahat soradym.
— Toýly Meredow hakynda ýazypmydyňyz? — diýdi. Ol barada asla hiç zat bilemokdym. Şonda ol:
— Toýly Meredow bilen telewiznýada bile işledik. Ýalňyşmasam 1988-nji ýylda ol Türkmenistanyň Merkezi Komitetiniň ideologiýa bölüminden Türkmen telewiznýasynyň edebi-drama gepleşikleriniň redaksiýasyna baş redaktor bolup işe geldi. Şol ýylyň ahyrlarynda ol meni işe aldy. Öň okuw, sport redaksiýasynda işleýärdim. Oýlap täzelik tapsaň gowy görerdi. Onuň tagallasy bilen «Ýedigen», «Alaýaz», «Şadyýan şenbe» ýaly birnäçe gepleşikler döredildi. Şonda ol: «Undulan hem tanymal adamlary gözläp tapyp şolar hakynda gepleşik taýýarlansa, halk gowy kabul edýändir» diýip maslahat bererdi.
Ol üýtgeşik adamdy. Onuň aýratynlygy iliň bähbidini öz bähbidinden öňde goýardy. Bu diýdigim işgärleriň arasynda jaýsyz kösenip, kireýne ýaşap ýören adamlara iň bolmanda galam haky ýazylanda-da «biraz hemaýat bolsun» diýip, özüni oňarýan adamlaryňkydan artygrak ýazardy. Päli pes, agras, ýöne ruhy dünýäsine gireňsoň, çaga ýaly arassa ýürekli, ýiti sözli adamdy. Gepleşige çagyrylan myhmanlara ýaltanman özi çaý demläp öňlerinde goýar ýörerdi. Has göwnünden turan adamlary bolsa, «kösenmesin, ýene gepleşige çagyranymyzda höwesli gelsinler» diýip, öýüne myhmançylyga äkiderdi. Şatlyk bagşyny, Atda dädäni (mirasgär Atda Gurbangeldi), Pyhy Tagany başga-da kän halypalar bar. Atda däde oňa: «Ynsap, zehin, eli açyklyk, ile hemaýat etmek ýaly adamkärçiligiň iň gowy häsiýetleri şu adamda jemlenen» diýerdi. Diýmez ýaly däl. Biz olar bilen goňşurak ýaşadyk. Her täze ýyl gelende, ýaşuly bolsa-da eýýäm özüňden öňürti: «Çagalary gutlamaga geldim» diýip, eli sowgatly gapyňda durandyr.
Bir gezek redaksiýa Gurban Wehimi geldi. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň urşundan dolanyp gelmedik watandaşlarymyzyň arhiw maglumatlaryny gözlemek üçin orsýede gitjek bolýandygyny aýtdy. Şonda haýran galdym. Toýly aga bir topbak puly oňa uzadyp: «Ýol harajadyňdan kösenäýme!» diýdi. Ol bolsa almajak bolýar welin: «Sen şu puly almasaň, gaýdyp gepleşige çagyrman. Men saňa karzyna beremok. Watan üçin janyny orta goýan ildeşlerimizi idäp, sogaply iş edýärkäň goşant goşmasak bolmaz-a» diýip ahyry aldyrdy. Ol gaty uly puldy. Bu onuň jomartlygynyň hemem Watansöýüjiliginiň subutnamasy. Toýly aga žurnalistdi hemem terjimeçidi. Neresse agyr halda ýatyrka ýanynda Atda dädäni goýup, işe gitdim. Bir salymdan ýogaldy habary geldi. Soňky ýoluna ugratmak üçin bardyk. Gämi obasyna girilip barýarka bir öwülýä bardyr, şol öwülýäde jaýladyk — diýip, başga-da öz bilýänlerini gürrüň berdi hemem ol barada gürrüň berip biljek adamlary salgy berdi. Onuň diňe şu aýdan gürrüňleriniň özünden nähili ussat halypalaryň mekdebini geçendigi hemmä düşnüklidir.
Şu ýerde Atamyrat aganyň terjimehaly bilen okyjylary gysgajyk tanyşdyrmakçy. Atamyrat Şagulyýew 1962-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Murgap etrabynyň Şordepe obasynda doglan. Şol obadaky 12-nji orta mekdebi tamamlap, häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. 1983-nji ýylda okuwyny Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde dowam etdirip, 1986-njy ýylda-da üstünlikli tamamlaýar.Ýokary okuw mekdebi tamamlap gelensoň, Türkmen telewideniýesiniň «Edebi-drama gepleşikleri» redaksiýasynda redaktor bolup işe başlaýar. Edebi mirasa, millilige juda sarpa goýýanlygy, onuň ilkinji gepleşiklerinden mälim bolýar. Taýýarlap ýaýlyma berýän her bir gepleşigi muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanyp, tiz wagtda il arasynda adygyp gitmegine sebäp bolýar. 1989-1994-nji ýyllar aralygynda bu redaksiýada «Ýedigen» atly gepleşigi taýýarlady. Bu gepleşigiň her bir sanyna telegörüjiler sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Sebäbi «Ýedigen» gepleşigi täzeçilligi, halk aňynda galan şahsyýetleri, belli bir döwürlerde ünsden düşürilen adamlary gözleýärdi. Şol gepleşigiň üsti bilen Döwletmämmet Azada, Magtymguly Pyraga, türkmen halk döredijiliginiň ümmülmez ummanyna, XVII-XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň altyn hazynasyna we görnükli wekilleriniň ömri-döredijilgine has golaý, has içgin aralaşdyk. Şo mahallar haýsydyr bir sebäp bilen ünsden düşürilen bagşy-sazandalardyr ýazyjy-şahyrlaryň köpüsiniň çykyşlary hut Atamyrat aganyň tagallasy bilen şol gepleşikde batyrgaý ýaýlyma berildi. Oňa ynha, bir mysal: Ençeme ýyllap goşgulary metbugatdan düşürilip gelnen Gurban Wehimi, 18 ýyl aýdymlary ýaýlymdan çetleşdirilen Öwezgeldi Tekäýew we başga-da birnäçe ussatlar hakynda aýdyp bolar. Şu mahal elli ýyla golaý düşege baglanyp ýatan şahyr Aman Annamyradow hakynda ýaýlyma berlen gepleşik ýadyma düşdi. Neressäniň ýatan ýerinde:
«…Ýaňyja getirilen bäbekhanadan,
Ýaşajyk şahyr men, ýaşajyk şahyr.
Aglanda agzyna emzik dykylýan,
Ýaşajyk şahyr men, ýaşajyk şahyr…» diýip, goşgy okany ýadymda. Jaýy jennet bolsun!
Sungat ussatlarynyň döredijiligine hormat goýup, olaryň gaýtadan sahna getirilmegi gaty uly sogaply iş. Sebäbi döredijilik zehini Beýik Taňrynyň berýän peşgeşi. Allanyň beren ýoluna böwet basjak bolmak Hakyň halajak işi däl. Atamyrat aganyň bu ugurda bitiren sogaply işleri sanardan kän. «Ýedigende» Bally Hajyýewiň, Rejep Ulugowyň, Nurýagdy Tokgaýewiň, Atabaý Çarygulyýewiň, Leýla Şadurdyýewanyň, bagşy Döwlet Ballykowyň aýdymlary, Çary Hekimowyň şirin sazlary yzygiderli ýaňlandy. Bu gepleşigiň halkyň göwnünden turmagy üçin Atamyrat Şagulyýewiň ýurdumyzda barmadyk-görmedik oba-kendi az bolsa gerek.
1992-nji ýylda Angliýa baryp, Magtymgulynyň Britan muzeýinde saklanýan golýazmasy, ol ýerde geçirilen Magtymgulynyň günleri bilen bagly, Şekspiriň öý muzeýinde, Eýrana gidip Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähiniň başynda taýýarlan gepleşikleri häli-häzirem köpimiziň ýadymyzdadyr.
Geçen ýyldy öýdýän bir gezek onuň özi hakynda ýazmak üçin iş ýerine bardym. Iş stolunyň üstünde şahsy suratlary jemlenen albom bar eken. Arhiw suratlarynyň taryhy pikirimi başga ýana sowdy. Onuň dürli ýyllarda dürli ýerlerde düşülen ýadygärlik suratlaryň taryhyndan aýdýan gürrüňleri, Magtymgulyşynas Ýusup Azmun hakynda ýazmagyma sebäp boldy.


Ol:
— Bu surat «Lefka-Ýewropa» uniwersitetiniň öňünde Ýusup aga bilen bile düşen suratymyz. Ýusup aga şol uniwersitetde türk diliniň grammatikasyndan talyplara sapak berýärdi. Uniwersitetiň rektory Ýylmaz Akdeňiz: «Bütin uniwersitetimiz boýunça dünýä belli ýekeje alymymyz bar. Ol hem ählimize nusga bolup ýören Ýusup Azmun» diýip her gezek ýygnak geçende mugallymlaryň arasynda buýsanyp aýdýan eken. Ynha, bu surat Angliýada Magtymgulynyň günleri geçirilende baranymyzda Ýusup aga, aýdymçy Aýjemal Ylýasowa hemem şol ýerde geçirilen dabaradan «Ýewraziýa» telekanaly üçin gepleşik taýýarlan zenan Bala dagy bilen üýşüp düşen ýadygärlik suratymyz. 2004-nji ýylda Magtymgulynyň günleriniň dabarasyna gatnaşmak üçin Kipre gidenimizde düşen suratymyzam bar. Ýusup aga Kiprde-de on ýyla golaý ýaşady. Dilçi alym Ýusup Azmun, filologiýa ylymlarynyň doktory, «Bütindünýä Lingiwistler» jemgyýetiniň agzasy, professor, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Ol jemi on üç dilde (türkmen, iňlis, pars, arap, nemes, fransuz, azerbeýjan, özbek, gazak, gyrgyz, täjik, ispan, hytaý dilleri) erkin gürläp bilýär. Şol dilleriň altysyndan (türkmen, iňlis, pars, arap, nemes hemem fransuz dillerinden) her halkyň öz milletinden bolan talyplara grammatikadan sapak berýär. Ol ýurdumyza gelende welaýatlarymyzyň ählisine bile aýlandyk. Onuň bilen Türkmenistanyň Halk bagşysy, ussat sazanda Durdy Myradowyň hatyra güni geçirilende Mary welaýatyna gitdik. Bu suratlar şol ýerdäki taryhy ýerlerde düşülen suratlar. 1993-nji ýylda Ýusup aga «Türkmenistanyň hormatly raýaty» diýen dereje berildi. Onuň bilen birnäçe gezek «Ýedigen» gepleşigini taýýarladyk. Diýseň sowatly, köptaraply zehinli ýaşuly. Oňa dilçilik ukyby tebigy berlen zehin. Fleýta saz guralyny çalmaga juda ökde. Gurhanyň sürelerini ýatdan bilýär. Kän gezek öýünde myhman bolduk. Öý şertinde aşpezlige gaty ökde, şeýlebir tagamly naharlary, işdäaçarlary özi taýýarlap hyzmat edýär. Ütük etmäge ökde, öýüne myhman barsa olara hormat goýup eşiklerini özi ütükläp berýär. Ýusup aga: «Maňa iň körzehin berlen ukyp maşyn sürmek» diýýär. Ol ulag sürüp bilenok. Ynha, bu surat Ýusup aganyň maşgala agzalary bilen çekilen suraty. Suratkeş Jahan Hanowanyň çeken suratyny Ýusup aga bilen synlap otyrys. Ýene bir gowy suratlaň biri, ömrüniň 40-50 ýylyny telewideniýä bagyş eden, «Kysasyl embiýany» arap dilinden türkmençä terjime eden režissýor Hommat Kakajanow, Türkmenistanyň Halk artisti, sazanda Ýagmyr Nurgeldiýew, Ýusup aga hemem ogly Atabaý dagy bilen «Ýedigen» gepleşigi ýazgy edenimizde düşülen surat. Myhmançylyga gelende bu suraty ýatlap Hommat aga bilen bagly bir pursady Ýusup aga gürrüň berdim. Bir gezek ol teleýaýlym üçin gepleşik taýýarlajak bolýar. Şonda meşhur ýazyjy Berdi Kerbabaýew gepleşige gelmeli eken. Hommat aga garaşmaga sabry ýetmeýän işjanly režissýordy. Ol onuň gelerine-de garaşman «49» gara motory bilen gidip, Berdi agany motorynyň yzyna mündürip gepleşige alyp gelipdir. Görýäňizmi, nähili atly derejeli ýazyjy bolsa-da, Berdi aganyň juda kiçigöwünli adamdygyny — diýip ýatlady.

—Ýusup aga islendik zat hakynda şeýlebir owadan gürrüň berýär. Ol «Oksford» uniwersitetiniň professory. Uniwersitetde dünýäniň dürli milletlerinden mugallymlar işleýär. Şol ýerde «Milli sapak» diýip açyk sapak geçirilýär eken. Bir gün rektor: «Her mugallym öz milli eşiginde açyk sapak geçse gowy boljak» diýipdir. Şonda Ýusup aga kellesi silkme telpekli, egni gyrmyzy donly sapak geçipdir. «Okuwdan soň milli eşikde öýüme ýöräp gelýärkäm ýolda Angliýanyň mirasdüşer Şazadasy Çarlze duşaýdym. Ol egnimdäki milli eşigim bilen şeýlebir gyzyklandy. Hat-da köçeden barýan adamlaram ýanyma gelip eşiklerim hakynda soradylar» diýip gürrüň berdi. Ynha, şu surat şol pursatda düşülen surat. Bu surat bolsa, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýp Ärdoganyň Ýusup aga «Türki döwletleriniň Dil-edebiýat boýunça Halkara baýragyny» gowşuryp duran pursadyndaky surat — diýdi-de, Atamyrat aga: «Bir zada göz ýetirdim. Daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň biri-birine goýýan sarpasy aýdyp diýer ýaly däl. Ýurdumyzdan watandaşlary barsa gezekli-gezegine myhmançylyga çagyryp hormatlaýarlar» diýip, Angliýada myhmançylykda bolandaky pursatlardan ýatlady. Dünýä belli fudbolçy Serdar Azmunyň Ýusup aganyň özünden uly agasy Pyhy Azmunyň agtygydygyny aýtdy. 1999-nji ýylda Ýusup aganyň 60 ýaşy bellenende Serdar Azmun Atamyrat agalaň öýlerine-de gelipdir. Şonda bile surata düşüpdirler. «Serdar o wagtlar 4-nji synplaryň okuwçysydy. Ýusup agalaryň asly Etrekli — diýip, ol barada başga-da kän zatlar gürrüň berdi.
Onuň gürrüňlerinden dana şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligine aýratyn ýykgyn edýändigini bilip bolýar. Ol bu barada:
— Orta mekdepde okaýarkam türkmen dili we edebiýaty sapagyndan okadýan mugallymlarym Annageldi Durdyýewiň, Jumadurdy Garryýewiň Magtymgulynyň durmuşyndan geçýän sapaklary, agam Annamuhammet Nutyýewiň Pyragy hakynda Magtymgulyşynas Mäti Kösäýewiň dilinden ýazyp alan maglumatlary, talyp döwrüm 1984-nji ýylda Moskwada kursdaşlarym bilen beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň Sankt-Peterburgdaky Sarskoe seloda okan mekdebine gezelenç edipdik. Şonda ol ýerde tanyşdyryjynyň: «Dünýä poeziýasynda üç sütün bardyr, olar: Şekspir, Puşkin hem-de Magtymgulydyr» diýen sözleri maňa güýçli täsir etdi. Magtymgulynyň mirasyny ymykly öwrenmeli diýen pikir döretdi. Şol sebäpli «Ýedigen» gepleşigini taýýarlamak üçin dünýä ýurtlarynda ýaşaýan arkadaşlarymyzyň çagyrmagy bilenem ençeme gepleşikleri taýýarlamak miýesser etdi. 1992-nji ýylda ilkinji sapar türkmen topragyna gelen Magtymguly Pyragynyň altynjy arkasy Ata işan Muhammedi Annagurban ahunyň, onuň ogullary, Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy Gara işanyň, Aba işanyň çykyşlary teletomaşaçylara ýetirildi — diýip ýatlady.
Atamyrat aganyň ýene bir häsiýetini açmak üçin bir pursady ýatlamakçy. Bir gün belli ýazyjy Öwezmyrat Ýerbendi jaň etdi. Ol: «Gyzym, birden Atamyrat Şaguly hakynda makala ýazsaň, «Ýerbendini Ýerbendi eden Atamyratdyr» diýip sözbaşy goýgun» diýdi. Geň galdym. Özi meşhur ýazyjy Atajan Taganyň: «Türkmen Dumbadzesi», mirasgär Ümür Eseniň: «Tebigat bilen göwündeş gopup bilýän ýazyjy» diýip, baha beren belli ýazyjysy welin, näme üçin beýle diýýärkä? — diýip oýlandym. Onsoň Atamyrat aga jaň edip sebäbini soradym.
— Öwezmyrat aganyň häzirki günlerde saglygynyň ugry ýok. Onuň öýünde iki «güýmenjesi» bar — biri kagyz-galamy, beýlekisi — telefony. Günüň dowamynda maňa 4-5, käte bolsa, 7-8 sapar jaň etmese oňanok. Menem indi oň telefon jaňlary gelmese bir zadym ýetmeýän ýaly. Öňler işde wagtymam, öýde bolsamam, ownujak, okamasy-düşünmesi juda kyn haty bilen ýazan hekaýalarynyň elýazmalaryny kösene-kösene kompýutere geçirýärdim. Indi bolsa, ol gözüniň kütelişenligi üçin aňynda aýlaýan hekaýalaryny maňa jaň üsti bilen ýatdan sözme-söz aýdýar. Menem ilki kagyza, soňra olary kompýutere geçirýän. Ýatdan aýtmagyň özi-de her kimiň başarjak işi däl. Allatagala oňa egsilmez zehin, irginsiz yhlas beripdir — diýdi-de, gürrüňini dowam etdi:
— Ýerbendi halypa bilen talyp döwrüm başlanan tanyşlygym, durmuşymyň aýrylmaz «bölegine» öwrüldi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işleýärdi. Bir iş bilen ol ýere baranymda gabat geldi. Salamlaşan badymyza ol maňa:
— «Kimýa oty» hakynda ýazan makalaňy haladym. Gowy ýazypsyň — diýdi. Şeýlebir begendim, sebäbi beýik ýazyjydan gowy baha almak kyn zatdy. Menem oňa ýazýan hekaýalaryny höwes bilen okaýanymy aýtdym. Ol: «Hekaýa ýazylýa-la, ýöne kompýuterde çap etmekden başym çykanok» diýdi. Dessine hekaýalaryny kompýuterde çap etmäge höwes bildirdim. Şeýdibem bir ýolum Ýerbendiniň iş ýeri boldy. Ol ýazýardy, men alyp gaýdyp, komputerde çap edip eltip berýärdim. Ýazamda alýan ruhy lezzetim göwnüme ganat berýärdi. Ýöne kyn tarapy-da bardy. Öwezmyrat agaň käte bir hekaýany 3-4 ýola işläýmesi-de bar. Şoň üçin oň ýanyna bir hekaýa üçin şonça sapar barmaly bolunýan ýagdaýlary bolýar. Ýöne «Öwezmyrat Ýerbendi hemişe okap öwrenmeli kitap ýaly ynsan» diýip hoşallygyny aýtdy.

Ýerbendi aga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda işlän döwründe Atamyrat Şagulyýew bilen bilelikde teatr üçin «Derwüş ýapynjasy», «Zentalak gylyç», «Rodoguna», «Paryzdepe», «Şähryslam», «Saz we jeň» atly pýessalary ýazandygyny, 2022-nji ýylda ýene Atamyrat aga bilen awtordaşlykda Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlap «Ynsan syrdaşy» çeper filminiň ssenarisini ýazandygyny, ol filmi kinorežissýor Zulfiýa Kadyrowanyň surata düşürendigini bilýän. Onuň Atamyrat Şagulyýew bilen awtordaş bolup başga-da kän eser döredendiginden habarym bar. Atamyrat aganyň Ýerbendi aga bilen taýýarlan «Hekaýa hädip taplanýar» atly söhbetdeşliginem okadym.
Ýarawsyz ýatan ýazyjy bilen uzak aralykdan işleşmek her kime başartjak iş däl. Emma Atamyrat aga:
— Höwes, isleg, ýazyja bolan hormat wagt gidireniňe aňryýany bilen degýär. Ondan öwrenýän, tejribäm ýadawlyga ýol berenok — diýip yhlasly işleşýär. Onuň «Gyzyl kürte» atly hekaýasyna kinossenari ýazdy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde şol ssenari esasynda 2022-nji ýylda režissýor Sahysalyh Baýramow çeper filmi surata düşürdi. Bu film dünýäniň dokuz ýurdunda tomaşaçylara görkezildi. 2022-nji ýylda bu film Türkiýede Gorkut ata Halkara kinofestiwalyna gatnaşdy. Soňra Özbegistanda, Belarusda, Russiýada kinofestiwallara gatnaşyp, «Altyn durna» baýragyna mynasyp boldy. Atamyrat aga bilen Ýerbendi aga bilelikde «Gadymy Parfiýa» hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap «Ýyldyrym öň çakan ýerinden çakmaýar» ady bilen köpgörnüşli kinossenarinem ýazdylar.
Atamyrat aga 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, 1996-nj ýylda bolsa ol Angliýadaky «Magtymgulynyň dostlary» jemgyýetiniň halkara baýragyna mynasyp boldy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Ol häzirki döwürde «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň bölüm redaktory bolup işleýär. «Miras» radioýaýlymynyň «Türkmen ýoly» edebi-çeper gepleşiginde, «Owaz» radioýaýlymynyň «Duýgular dünýäsi» gepleşiginde onuň hekaýalarydyr makalalary yzygiderli okalyp, diňleýjilere ýetirilýär. «Watan» radioýaýlymynyň «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» gepleşiginde bolsa dana şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligi babatda ýygy-ýygydan çykyş edip durýar.
Zehinli žurnalist, ussat ýazyjy, Magtymgulyşynas Atamyrat Şagulyýewiň Magtymguly barada taýýarlan gepleşikleri üstüni ýyllar örtse-de, adamlaň hakydasyndan çykanok. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Ata Täzebaýew ol hakda: «Atamyrat Şagulyýew» atly goşgy, žurnalist Parahat Aşyrowa «Asman «Ýedigeniniň» ýerdäki nury» atly oçerki, žurnalist Şamämmet Atamämmedow «Döredijilik dünýäsiniň janköýeri», Keýik Umarowa «Magtymguly onuň diliniň senasy» atly makala ýazdy. Ol barada dürli döwürlerde ýazylan makalalaryň her haýsynyň özboluşly mazmuny bar.
«Ýedigeniň» teletomaşaçylarynyň gepleşikleriň her bir sanynyň gaýtalap görkezilmegini haýyş edip Atamyrada ýazan hatlarynyň sany-sajagy ýokdy».
«Bu günki gün Atamyrat Şagulyýewi «Ýedigeni» bilen hakydalarda ýer eden alypbaryjy, tejribeli žurnalist, Magtymgulyşynas hökmünde tanaýarlar. Ol nohurly türkmenleriň taryhyndan, şu gününden söhbet açýan «Nohurly Goçmyrat ahun», halk mirasy hakynda «Mirasnama», çagalaryň pikirleniş ukybyny ösdürmek babatda «Tapmaçalar älemi», Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň durmuşy baradaky «Döwletliler köşgi» atly kitaplaryň awtory. Ol «Oguznamaçylyk däpleri: Azadynyň we Magtymgulynyň döredijilginiň mysalynda» atly dissertasion ylmy işini ýazdy.
Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrow Atamyradyň goşgularyna birnäçe aýdym döretdi. Ol aýdymlar ýörite albom-disk görnüşinde köpçülige ýaýradyldy. Ol aýdymlar hemişe çagalaryň dilinde. Atamyradyň «Olimpiýa buýsanjy», «Buýsançnama», «Nyşan, Tumar, Şekili — halkyň paýhas-akyly» atly goşgularyna kompozitor Kerim Jumanyýazowyň döreden aýdymlary paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa sport toplumynda 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dowamynda yzygiderli ýaňlandy. Onuň «Ajaýyp zamanada» atly goşgusyna döredilen aýdym notasy bilen bilelikde orta mekdepleriň 5-nji synpynyň Aýdym kitabynda çap edildi» diýlip maglumat berilýär.
2024-nji ýylda ýurdumyzda Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilip geçildi. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan Atamyrat Şagulyýewiň «Magtymgula barýan ýol» atly kitaby çap edildi. Bu ýygyndynyň aýratynlyklary hakynda filologiýa ylymlarynyň doktory, alym Amanmyrat Baýmyradow «Magtymgula barýan ýoluň» söhbeti» atly makala ýazdy.
Atamyrat halypanyň döredijiliginiň gerimi giň. Ylmy hem publisistik makalalar, oçerkdir hekaýalar, şygyr… Ol çeper hem-de dokumental filmleriniň hem birnäçesiniň edebi esasyny ýazdy. Ýakynda Atamyrat agadan häzirki döwürde alyp barýan döredijilik işleri hakynda soradym. Ol: «Eýranyň Jelgelan welaýatynyň Gerkez obasynda Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy Aba Işan Muhammedi ýaşaýar. Onuň bilen ýygy-ýygydan jaňlaşyp, beýik akyldarlaryň durmuşyna degişli täze maglumatlary toplaýaryn. Nesip bolsa, «Magtymguludan gaýdýan ýol» ady bilen ikinji kitabymy taýýarlamagyň aladasynda» diýip gürrüň berdi. Umuman, onuň döredijiligi hakynda aýdara gürrüň kän. Dünýä belli «Titanik» çeper filminde baş keşbi janlandyran Keýt Elizabet Uinsletiň Angliýanyň Reding şäherindäki öýünde bolup, onuň garry enesi bilenem söhbetdeş bolupdyr. Gyzykly, täsirli ýatlamalaryna gutarma ýok, ol ussat halypalaryň mekdebinde taplanan, hazyna ýaly halypa. Şonuň üçin oňa geljekde-de jan saglyk, durmuşynda-da, döredijiliginde-de uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuwlaýarys.
Akgül Saparowa.
