Türkmen Atalar Söziniň 3-nji Sapagy
Salam hormatly “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary! Türkmen atalar sözi sapagymyza hoş geldiňiz! Atalar sözi sapagymyza dowam edýäris. Atalar sözine degişli öňki sapagymyza degişli makalany biziň sahypamyzdan okap bilersiňiz!
M.Geldiýew bilen G. Alparowyň 1926-njy ýylda taýýarlan “Dil sapaklygy” diýen kitabynda berlen 14 (on dört) sany nusgadan derňewimizi dowam etdireliň.
2.Tikensiz gül bolmaz, zähersiz bal. Tematik topary taýyndan iş, zähmet bilen baglanyşyklydyr.
Nusgada zähmetiň, yhlasyň, işiň beren miwesi esasynda gürrüň gozgalýar. “Gül” bilen “bal” şol miweleriň esasy nusgasydyr. Umuman aýdanyňda, işlemek, zähmet çekmek, yhlas etmek peýdalydyr, onuň netijesinde-de gerekli, zerur miweleri almak mümkindir.
Bu ýerdäki “tiken”, “zäher” tymsallary zähmeti, yhlasy, işi teswirleýär. Başgaça aýdylanda, zähmet çekmezden, yhlas etmezden, işlemezden “gül”, “bal” ýaly miweleri almak mümkin däldir.
3.Giç ýat-da, ir tur, alty pişegi artyk ur. Başda-da belleýşimiz ýaly, tematik topary taýyndan iş, zähmet bilen baglanyşyklydyr.
Aslynda bu nusgany iki bölege aýryp, soňra olaryň her bir bölegini aýratyn düşündirmeli. Sebäbi, bu ýerde iki sany peýdaly gazanç bar.
Şol bähbitli gazançlaryň biri wagt, zaman bilen baglanyşyklydyr. Wagty, zamany tygşytly peýdalanmak gazançdyr. Şonuň üçin, bu gazanç “giç ýatyp, ir turmak” durnukly aňlatmasynyň üstüne ýüklenipdir. Bu ýagdaýy 10-njy nusgadaky atalar sözünde hem görüp bilýäris.
Ikinjisi bolsa artykmaç işlemekdir. “Alty” artykmaç, köp manysyndadyr. Bu bölümde peýdaly gazanç üçin “alty pişegi artyk urmak” maslahat berilýär. “Pişek” ýanlyk (ýaýyk) ýaýmak üçin ulanylýan agaçdan ýasalan serişdedir. “Pişek urmak” ýanlygyň içindäki pişegiň aşak-ýokaryk hereket etdirilmegi bilen amala aşyrylýan işdir. Hereket sany köp bolsa alynjak önümiň mukdary-da şonça artjakdyr.
Sözleýişde ýaşlaryň, ýetginjekleriň işe bolan yhlaslylygyny artdyrmak, zähmet çekmeklige bolan höwesini ösdürmek maksady bilen ulanmaklygy amatly hasaplaýarys. Atalarymyz “Giç ýat, ir tur, alty pişegi artyk ur” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar nusgaly ýatladyjy häsiýetde maslahat bermek ýerliklidir.
4.Azarsyz ýeriň ady ýok. Häzirki wagtda “azarsyz” diýen sözüň ýerine “azapsyz” sözi ulanylýar. Şonuň netijesinde-de, “Azapsyz ýeriň ady ýok”, “Azapsyz ýeriň ady bolmaz, emgeksiz baýlygyň gadyry bolmaz” diýen nusgalara duşmak bolýar.
Bu sözleriň ikisinde-de “zähmet, iş, kynçylyk, horluk, alada” diýen many bolup, umumylykda alnanda, bu atalar sözi “zahmetsiz, kynçylyksiz ýer ýok”, “hemme ýerde kynçylyk, horluk bar” diýen düşünjäni beýan etmek üçin ulanylypdyr.
5.Aglamadyk oglana emjek ýok. Çagalaryň durmuşy bilen baglanyşykly döredilen atalar sözüniň nusgasy. Çagalardaky hereket etmek, seslenmek, aglamak, gülmek elbetde işjeňligiň alamatydyr. Şonuň netijesinde bolsa çaga seslenmesi bilen özüniň derdini düşündirip bilýär diýen many çykýar.
Bu atalar sözüniň üsti bilen berilmek islenilýän düşünje çagalar üçin däl, eýsem uly adamlar üçindir. Seslenmeseň, soramasaň, islemeseň, haýyş etmeseň, ýüz tutmasaň, elbetde, garşy tarapdan göz öňüne tutan zadyňy alyp bilmersiň manysynda ulanylýar.
6.Aryň zähmedini çekmedik, balyň gadryny bilmez. Tematik taýdan iş, zähmet, yhlas bilen baglanyşykly bolan bu atalar sözünde aryçylyk hünärinden gürrüň gozgalandygy bellidir. Elbetde, aryçylygy ösdürmekçi bolýan adam yhlasly we köp zähmet çekmeli bolýar. Şol adam tarapyndan çekilen zähmet hem soňunda öz miwesini berýär. Ol öz alan miwesiniň gadyryny bilýär, aryçylyga hormat goýýar.
Emma gürrüňi edilýän zähmeti çekmeýän, oňa yhlas etmeýän kişi şol miwäniň nähili alnandygyny bilmeýär, onuň gadyr-gymmatyna ähmiýet bermeýär.
7.Işlemeseň, dişlemersiň. Häzirki wagtda bu atalar sözüniň asly üýtgedilipdir. Onuň gurluş galypynyň şekilleri üýtgedilip, “işlemeseň, dişlemersiň” görnüşine öwrülipdir. Häzirki wagtda-da şeýle nusgada ulanylýar.
Zähmetsiz, yhlassyz, işsiz gün-güzeran görmek mümkin däldir. Zähmetiň, yhlasyň, işiň bolmaýan ýerinde azygyň, iýmitiň bolmajakdygy-da belli. Şonuň üçin bir tarapda “iş” bilen baglanyşykly, beýleki tarapda-da “diş” bilen baglanyşykly işligiň kömegi bilen esasy düşünjeler ýüze çykarylypdyr.
8.Ekene – bar, ekmedige – ýok. Tematik topary taýyndan iş, zähmet bilen baglanyşykly bolan bu atalar sözüniň esasynda “ekmek” işligi ýatýar.
Bilnişi ýaly, “ekin”-de, “ekiş”-de, “ekerançy”-da, “ekerançylyk”-da “ekmek” işliginiň köki bilen baglanyşyklydyr. Atalar sözündäki netijäniň barlygy we ýoklugy-da ýene “ekmek” işine baglydyr.
Sözleýişde ýaşlara, ýetginjeklere işeňňirligi, zähmete bolan höwesi artdyrmak üçin ulanylyp bilinjek atalar sözüniň biridir.
9.Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz. Iş, zähmet, yhlas bilen baglanyşykly bolan bu atalar sözünde iki sany pasyldan gürrüň gozgalýar. Olaryň birinjisi tomus, ikinjisi bolsa onuň netijesine baglylykdaky gyş paslydyr. Tomus pasly işiň, zähmetiň iň gyzgalaňly pursatydyr. Gyş pasly bolsa tomsuň netijesine laýyklykda durmuş derejesiniň beýanyny görkezýär.
Eger bu pasylda işlenilmedik ýagdaýynda, gyş paslynda ýaşaýşyň ýeňil bolmajakdygy nygtalýar.
Ata-babalarymyzyň ençeme ýyllyk tejribelerine esaslanýan bu atalar sözüniň kömegi bilen ýaşlara, ýetginjeklere her bir işiň öz wagtynda berjaý edilmelidigini ýatlatmak üçin peýdalydyr.
10.Ir turan – işinden dynar. Tematik topary taýyndan iş, zähmet bilen baglanyşyklydyr.
Aslynda bu nusgany iki bölege aýryp, soňra olaryň her bir bölegini aýratyn düşündirmeli. Sebäbi, bu ýerde iki sany peýdaly gazanç bar.
Şol bähbitli gazançlaryň biri wagt, zaman bilen baglanyşyklydyr. Wagty, zamany tygşytly peýdalanmak gazançdyr. Şonuň üçin, bu gazanç “ir turmak” durnukly aňlatmasynyň üstüne ýüklenipdir. Bu ýagdaýy 3-nji nusgadaky atalar sözünde hem görüp bilýäris.
Ikinjisi bolsa “işden dynmakdyr”. Wagty taýyndan işini öň gutarmakdyr.
Sözleýişde ýaşlaryň, ýetginjekleriň wagty tygşytly ulanmaklygyny şeýle hem irden turmaklyga endik etmekligini maslahat bermek hem-d olaryň işe bolan yhlaslylygyny artdyrmak, zähmet çekmeklige bolan höwesini ösdürmek maksady bilen ulanmaklygy amatly hasaplaýarys. Atalarymyz “Ir turan, işinden dynar” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar nusgaly ýatladyjy häsiýetde maslahat bermek ýerliklidir.
11.Giden – getirer, oturan – nyrh sorar. Bu atalar sözüni-de iki sany bölege aýryp, olaryň her biri hakynda aýratyn düşündiriş bermeli. Çünki, birinji bölek işjeňligi, ikinji bölek bolsa ýaltalygy öz içine alýar.
Birinji bölekdäki “gitmek” we “getirmek” işlikleriniň ikisi-de işjeňligiň esaslaryny emele getirýär. Işdäki janlylygy we onuň netijesini anyk görkezip bilýär. Emma ikinji bölekdäki “oturmak” we “soramak” işlikleriniň işjeňlik güýji ýokdur.
Sözleýişde ýaşlary, ýetginjekleri işjeňlige ugrukdyrmak maksady bilen bu atalar sözüni ulanyp bolar.
12.Aç garnyn dok bilmez. Bu atalar sözüniň häzirki wagtda işjeň ulanylýan nusgasy “Dokuň açdan habary ýok” görnüşinde. Birek-birege ýardam meselesini özünde jemleýär. Manysy taýyndan gözden geçirenimizde, diňe özüň hakynda oýlanman, özüň barada düşünmän, eýsem mätäçlik çekýän adamlara kömekleşme, goldaw berme, olardan habar alma bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirýäris. Diýmek, ata-babalarymyzyň pikirine görä, kynçylygy, garyp-gasarlygy, ýeter-ýetmezligi egni bilen çeken adamdan başga bilýän ýokdur. Şonuň üçin mätäçlik çekýänlere başardygyňça kömek bermek gerekdir.
13.Işi ýoguň aşy ýok. Tematik topary taýyndan iş, zähmet bilen baglanyşykly bolan bu atalar sözüniň esasynda-da “iş” düşünjesi ýatýar.
Bilnişi ýaly, tereziniň bir tarapyna “iş” beýleki tarapyna bolsa “aş” goýlup, onuň durmuşdaky agramy geçilýär.
Atalar sözündäki netijäniň barlygy we ýoklugy-da ýene işe baglydyr.
Sözleýişde ýaşlara, ýetginjeklere işeňňirligi, zähmete bolan höwesi artdyrmak, hünäri söýdürmek üçin ulanylyp bilinjek atalar sözüniň biridir.
14.Herekede bereket. Bu ýerdäki “hereket” işiň, zähmetiň, yhlasyň nusgasydyr, “bereket” bolsa onuň netijesidir, miwesidir. Diýmek, hereket etseň, işleseň, zähmet çekseň, yhlas etseň, onuň netijesi, gazanjy – “bereketi” boljakdyr.
Sözleýişde ýaşlara, ýetginjeklere işde-de, okuwda-da “hereket etmegi” maslahat bermek üçin ulanmak amatlydyr.
(dowamy bar)
Öňki sapaklary okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!
Babalar sözi ýa-da atalar sözi
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!