ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Atabaý Çarygulyýew: aýdymly ykbalyň kyssasy

Milli sungatymyzyň Hakdan berlen zehinleri sanardan kän.Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, döwlet hem halkara derejesindäki bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi, ussat aýdymçy Atabaý Çarygulyýewem şolaryň biri. Ol özüniň gysga ömründe öçmejek ýol goýdy. Muňa onuň ýoluny dowam etdirip, özleri halypalyga ýeten şägirtleriniň aýdym-saz çykyşlaryndanam göz ýetirip bolýar. Munuň üçin teleradio ýaýlymlarda berilýän aýdym-sazly gepleşikleridir konsertleri diňläýmeli. Aýdymyň sazy başlandan ýerine ýetirijiniň haýsy halypanyň ýolundan aýtjakdygyny bilip bolýar. Bu ýagdaý Atabaý  Çarygulyew babatda-da şeýle. Onuň ýolundan aýdym aýdýanlar bir ýa iki däl. Şonda eýýäm aýdymyň sazy başlandan, Atabaý bagşynyň özboluşly täsin bokurdak gaýnawlary bilen sazlaşykly hereketdäki sahna ussatlygy göz öňüňde janlanyp, bagşynyň özi sahna çykaýjak ýaly ünsüňi egleýär. Şol wagtam ýaýlymda onuň şägirtleri peýda bolýar. Şonda: «Tüweleme, ýaş zehinlerimizem-ä az däl welin, ýöne, Atabaýyň özi bolup bolanok-da…» diýeniňi duýman galýaň. Sebäbi ussatlar gaýtalap bolmajak zehinler. Olaryň durmuş hem zähmet ýollaryny öwrenmek bolsa, diýseň gyzykly.

Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowyň agtygy Magtymguly Ýazmyradowyň surata düşüren «Sungata bagyşlanan ykbal» atly dokumental filmi şygyrlarynyň ählisi diýen ýaly aýdyma öwrülen zehinli şahyrymyz Magtymguly Myşşyýewiň ynha, şu goşgusy bilen başlanýar.

Çagalykdan aşyk aýdyma-saza,

Ussatlardan tälim alan, Atabaý.

Aýdymlar öwrenip täzeden-täze,

Il-günüň alkyşyn alan, Atabaý.

 

Ak ýüregiň çagaň meňzi ýalydy,

Joşgunly Hazaryň deňzi ýalydy,

Kalbyň şirin aýdymlardan doludy,

Aýdym bolup ili söýdüň, Atabaý.

 

Ilimiň, ýurdumyň bir merdi bolduň,

Beýik ussatlaryň şägirdi bolduň,

Aýdym-saz älemniň ägirdi bolduň,

Ussat bolup ile dolduň, Atabaý.

Mahmal owazy bilen ýürekleriň töründen müdimilik orun alan, ussat artist Juma Ýazmyradowyň okamagyndaky bu goşgy Atabaý Çarygulyýew hakyndaky ýatlamalara atardy.

Bir gün teleýaýlymdan Atabaý bagşynyň aýdymyny diňläp otyrdym. Öýümize segsen ýaşdan geçen daýym myhmançylyga geldi. Ol gapydan girenden teleýaýlyma seredip, tä aýdym tamamlanýança işikde doňan ýaly bolup durdy. Bagşynyň «Zülpüň seniň», «Ak ýüzli Maralym», «Mährijemal» atly aýdymlarynyň ýazgysy berildi. Aýdym tamamlanansoň, daýym başyny ýaýkap, öz-özi: «Wah, ne bir zehinli bagşydy. Arman, ir gitdi-dä. Şuňa ýüregim bilen gynanýan, ynanaýyň. Gynanmaz ýaly däl, görk-görmekli hakdan berlen zehindi. Aý, onuň ýaly ylahy zehinleriň ykbaly şeýle bolmalydyr-da, elbetde.Sygan neresse-de, Nury Halmämmedem, Gurbannazar Ezizem… » diýip, olary mysal getirdi.

Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soňra ol: «Ýadyňa düşýämi, agalaryň biri öýlenende kakaň pahyr: «Oglum, toýumda diňe Atabaý bagşy aýtsyn diýýär welin, ýörite Gämä geldim. Asyl toý sähediňi bellemänkäň, ilki bagşynyň nobatyna durmaly eken-ä» diýipdi. Haýsy ýyldady şo waka» diýip ýatlady. 1984-nji ýyldady. Yzyndan itekläp işledilýän köneje «Moskwiç» ulagymyz bardy. Kakam pahyr ýolda birden ulagy dursa, yzyndan itekletmek üçin bir ýere gitse köplenç menem ýany bilen äkiderdi. Şol gezek Gämi obasyna golaýlanymyzda gaty erbet ýel turup, ýolda ulag itekläp kösenenim ýadymdan çykanok — diýsem gülüp hezil etdi.

Atabaý bagşy hakyndaky ýatlamalar, onuň hoş owazly aýdymlary ýaly kalplarda ýaşaýar. Ol pursatlaryň her biri bagşynyň ömür beýanynyň sahypasyna gözellik bagyşlaýar. Atabaý bagşynyň hakyky ady Hojanazar eken, ýöne at dakylan bolany üçin kakasynyň: «atambaý, atambaý» diýip söýgülemegi bilen Atabaý ady ýörgünli bolup galypdyr. Ol 1958-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde doglan. 2009-njy ýylyň 21-nji martynda-da ýogalan.Ýakynda bagşynyň dostlarynyň biri Hangeldi Nepesowa jaň etdim. Atabaý bagşynyň dünýeden gaýdan gününe merhumy hatyralap ýatlama ýazjak bolýandygymy aýdyp, ondan dosty hakyndaky bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş etdim. Ol söhbetdeşligimizi dosty bilen bolan ilkinji tanyşlykdaky wakadan başlady:

— Okuwçy döwürlerimdi. Paýtagtymyzyň gaýrasyndaky Garadamak sowhozynda ýaşaýardyk. Mekdepden pomidor, kelem ýygdyrmak üçin Gämi obasyna äkiderdiler. Zähmet hakymyzy bolsa, käte mekdebe getirip bererdiler, kä wagtam Gämi obasyna gidip kantordan alardyk. Sekizinji syndadym. Bir gün zähmet hakymy alyp kontordan çykanymdan üç-dört sany deň-duş oglan öňümden çykyp, elimden pulumy aljak boldular. Menem daýawjadym. Bir oglan elimdäki puluma ýapyşandan,ýeňsesine çalyp, gorandym. Şonda ol oglan gidip, özüm bilen ýaşytdaşyrak bir oglany alyp geldi. Ol gelşine meniň bilen elleşip, hal-ahwal soraşdy. Soňra-da ýaňky ýigide näme üçin şarpyk çalanymy sorady. Düşündirip aýtdym welin, ol arz edip baran oglana: «Utanaňokmy, obaňa gelen myhmany şumy, garşylaşyň. Hany, seniň myhman sylagyň?» diýip, ýeňsesine çaldy-da, mendenem ötünç sorady. Şol pursatdan soň onuň keşbi göz öňümde galdy. Soň men her gezek Gämi obasyna baranymda ol gabat gelýärdi. Saglyk-amanlyk soraşýardyk. Atabaýyň kiçilikden şeýle düşünjeli, adamkärçilikli häsiýetine şol pursatda eýýäm göz ýetiripdim. Onuň bilen şeýdip başlanan tanyşlygymyz dostluga öwrüldi.

Atabaý menden bir ýaş kiçidi. Ýöne ol ir öýlendi-de, ogully-gyzly bolansoň,  «agam» diýip ýüzlenýärdim. Bir gün ol maňa: «Agam diýme, men senden kiçi, utanýan-ow. Bolmasa, gowy aga çykan inim diýäý» diýip degişdi. Atabaý öýlenende toýunda Öwezgeldi Tekäýew aýdym aýdypdy. Şonda obanyň ýaşululary Öwezgeldi Tekäýewe: «Öwezgeldi, il arasynda Atabaýa seň şägirdiň diýýärler» diýip sowal berdiler. Öwezgeldi Tekäýewiň: «Il oňlasa atyňy soý» diýýärler. Il diýýän bolsa men şoňa şat, ýöne men onuň elinden tutub-a hiç zat öwretmedim, diňe, bir ýyl bäri toparymyzda işleşip ýörüs. Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter diýipdir gadymkylarymyz» diýip buýsanyp durany häzirem ýadymda.

Bir gezegem Atabaýyň ogly Kuwwat ilkinji gezek toýa gideninde Tejene toýa bardyk. Babadaýhanda Annaoraz atly «Gatakar» firmasynyň işgäri ogluny öýerýärdi. Şonda Atabaý on-onki sany aýdym aýtdy. Özem ýarawsyzdy, emma syr bildirmän ol: «Adamlar, ynha, meniň oglum, Kuwwat janam ilkinji gezek toýda çykyş edýär. Munuňam aýdymlaryny diňläň! » diýip Kuwwada-da bäş-alty aýdym aýtdyrdy. Soňra ýene-de özi aýdym aýtdy. Şeýdip gezekleşip toýy sowdular.         Hoşlaşyp gaýtjak wagtymyz sag bolsun aýdyp howla çagyrdylar. Howlynyň içindäki uly agaç tapçanyň üstünde ak gyňaçly garryja ene bir gysymjyk bolup otyr eken. Ol ýanymyza geldi-de: «Balam, ömrüň uzak bolsun! Sesiňe döneýiň, Atabaý jan! Kyn görmeseň maňa «Ejem» atly aýdymyňy aýdyp beräý-dä, oglum!» diýip Atabaýy bagryna basyp gujaklady. Şol pursat hiç göz öňümden gidenok. Şonda Atabaý: «Käbäm, diňlejegiň aýdym bolsun!» diýip, «Ejem», «Balam» hemem «Balsaýat» aýdymlary aýdypdy. Eger şol pursadyň ýazgysy gerek bolsa, şondaky toý eýesiniň salgysyndan wideoýazgysyny tapyp berip biljek» diýdi.

— Bir gezegem şeýle waka boldy. Men gaty giç öýlendim. Halaşýan gyzymy bermediler, alyp gaçmagy bolsa, namartlyk hasapladym. Onsoň her gezek öýlerine barsam Atabaýyň ejesem: «Oglum, saňa-da bir çen boldy, gyz gyt däl ahyry. Özümiz sawçylyga gidäýeli, ejeňe rugsat ber, balam!» diýerdi. Atabaýyň ejesi Gülje daýzamyň häsiýetem edil Atabaýyň häsiýeti ýaly-dy. Mähirli, adamkärçilikli, arassa ýüreklidi. Barsam derrew öňümde çaý-çörek goýup gara-gadyrdy.

Ahyry bir gün öýe geldim welin, ejem: «Balam, deňiňden-duşuňdan galdyň, jan oglum. Söýeňde näme bermeseler, ýedi gezek gudaçylyga bardym. Her gezegem kowlup gaýdýan, çagam. Indi bir, rugsat beräý-dä!» diýip hamsykdy. Ejeme dözmän nädip «bolýa» diýenimi duýman galdym. Ertesi ejem başga birine sawçylyga gidipdir. Öýümizde Atabaý bilen otyrdyk. Ejem sawçylykdan gelşine: «Atabaý jan, gelnejeň gurt bolup gelendir öýdýäňmi, ýa-da tilki» diýip gapydan ýylgyryp girdi. «Elbetde, gurt bolup gelensiň, gelneje! Haçan toý, gyzykly ýerini aýtsana!»diýip Atabaý ýerinden turdy. Ejem: «Salgydynyň harajadyna diýen nyrhyny tapan bolsam-a, şu günem toý sähedimizi alyp biljekdim» diýdi.

Atabaýyň ulagy howlymyzda durdy. Ol: «Diňe şo pul bilen iş düzelýän bolsa, häzir, gelneje» diýip, ulagyndan pul alyp geldi-de, ejeme berdi. Haýran galdym nikamyz gyssandyr-da, bir hepde-de toý sähedimiz alyndy. Özem inimiň toýy bilen bir günde goşa toý etdik. Şol wagtlar bir salym tanymal bagşylara toýa gitmek gadagan edilipdi. Halk bolsa olaryň aýdymyna teşnedi. Çekinse-de, dost bolany üçin toýumda Atabaý aýtdy. Ol: «Şu gün iň ýakyn hemem mekirlik edip, iň soňky bolup öýlenýän dostumyz Hanow janyň toýy…» diýip degişme bilen başlap, süýji-süýji arzuwlar bilen gutlapdy. Toýumyza şeýlebir märeke geldi, olaryň köpüsini tanamyzokdyk, diňe Atabaýyň aýdymlaryny diňlemek üçin gelen adamlar sanardan kändi.

Toý sowuldy welin, bagşy-sazandalar meni ýanyna çagyrdylar. Barmaga ýaýdanýan, sebäbi bagşa bermäge-de pulum ýokdy. Ýaýdanyp-ýaýdanyp barsam, Atabaý: «Eý, şu wagtdan «heleý guly» boljak bolma, seni çagyryp getirip bilemizog-a» diýip degişdi. Gapdalynda duran oglanlaň birine-de: «Bar, inim, öýden bir gyňaç getirsene!» diýdi. Derrew gyňaç getirdiler. Ol ýaňky gyňajy ýere ýazdy-da, üstüne sandykdaky toýa düşen pullary agdardy. Sazandalaryna ýüzlenibem: «Oglanlar, şu puldan maňa-ha hiç zat gerek däl. Eger siz razy bolsaňyz-a toýa gatanç edäýeliň!» diýip geňeşdi. Ýerli-ýerden «razy» diýdiler. «Onda oglanlar, toýuňyzda gaýtsyn! Size-de nesip etsin, Hanow, jan! » diýip , gyňajyň dört burçundan tutup elime berdi. Puly sanap görsek şo wagtyň pulunda iki müň sekiz ýüz manat çykdy. Şol wagtlar toýa Annaberdi Atdan bilen Öwezgeldi Teke iki müň manada giderdi, Atabaý bilen Nurýagdy Tokga ikisem bir müň alty ýüz manada giderdiler. Emma Atabaýyň aýdymy üçin il-günüň isleg bildirip tutan puly üç müň manada golaý bolaýypdyr. Atabaýyň şunuň ýaly sahylygy, adamyň ýagdaýyna düşünýänligi, güzerany pesräk ýaşaýanlaryň egninden göterip bilýän gaýratlylygy bardy» diýip alkyş baryny aýtdy. Soňam: «Onuň ýaly ýokdur-laý. Atabaý kalbymda rowaýata öwrülip ýaşaýar» diýdi-de, ýene-de gürrüňini dowam etdi.

Aýdym-sazy diýseň gowy görýärdim. Atabaýyň aýdymlaryny diňlänimde özüm üçin aýdylýan ýaly täsir ederdi. Ol orta mekdebi gutaran dessine ulag edindi. Maňa ulagyny sürdürip kän toýlara bile giderdik. Türkmen döwlet filarmoniýasynda Öwezgeldi Tekäýewiň iş dolandyryjysynyň sürüjisi bolup işleýän döwrümde-de, Atabaý, sazandalary Nurmuhammet Babalyýew, Öwezmyrat Paşşyýew üçüsi bilen Öwezgeldi Tekäýewiň «Arzuw» aýdym-saz toparynda bile işledik. O wagtlar bagşy-sazandalar üçin «Watan», «Mir» kino teatrlarynda hemem serkerdeler öýünde çykyş etmäge mümkinçilik bardy. Şonda konsert çykyşlaryna barlanda her bagşy iki aýdymdan kän aýtmazdy, emma Atabaýa gezek gelende tomaşaçylaryň haýyşy üçin azyndan bäş aýdym dagy aýtdyrardylar.

Bir günem Bally kakam ogluny öýerjek bolup toý sähedini alypdyr. Ol maňa: «Oglum seň diýeniňi eder, oňa ýagdaýy düşündirip ber. «Toýumda Atabaý aýtmasa öýe geljek däl» diýip kösäp otyr. Atabaý bolsa, toý günümizde başga toýuň haýyşyny boýun alan eken. Eger sen diýeniňi diňledip bilseň-ä, bagşa iki esse pul tölemäge-de razy» diýdi. Ýagdaýy aýtdym,welin, Atabaý: «Boş wagtyma sähedi süýşürsinler, mugt aýdyp bereýin, ýöne boýun alan toýumdan dänip bilemok» diýdi. Şeýdip toýa başga bagşy tytmaly bolduk. Ýöne nesibesi bar eken, Atabaýyň boýun alan toýy bir sebäp bilen goýbolsun edilipdir. Birden bap-bap edip ulagyny gygyrdyp Atabaý geläýdi. Egni donly, ak telpekli çepiksije göwredäki horja oglan ulagdan düşdi welin, Bally kakam: «Atabaý aýtsyn diýip, derejeläp ýöreniňiz şujagaz oglanmy, şu göwreden üýtgeşik ses çykar öýdemok» diýdi. Şonda toýda Atabaý şeýlebir aýdymlar aýtdy. Bally kakam: «Oglum, ýöne ýere diýmän eken. Alla tarapyn berlen zehin eken-ä bu» diýip geň galdy. Toýdan soň oňa öz bermeli nyrhynyň üstüne-de, dört ýüz manat artyk goşup beripdi — diýip gürrüň berdi.

Hangeldi aganyň telefonunda Atabaý bagşynyň Büzmeýiniň 40 ýyllyk kolhozynda bir toýda aýdym aýdan ýazgysy bar eken, Älhepus, o märekäniň köpdügini. Gözüň bilen görmeseň ynanar ýaly däl. «2000-2001-nji ýyllardaky toýuň ýazgysy» diýdi. Ýene bir ýazgysy bar eken, onda Atabaý bagşy Mäne Garaýewiň ýolundan aýdyp otyr welin , düýbünden üýtgeşik heňde aýdypdyr. Onuň ýaly heňde aýdym aýdýanyny birinji gezek diňläp gördüm. Hangeldi aga: «Atabaýa hemişe «Bagyşla meni», «Ogulsyz»,«Weýran eýledi»hemem «Dünýedir» aýdymlary haýyş edip aýtdyrardym. Ol: «Dost jan, saňa haýsy aýdymy aýdyp bereýin diýmäge ýaýdandyrýaň. Gamgyn aýdymlary haýyş etmesene» diýerdi. Men ol aýdymlary özüm üçin döredilen aýdymlar ýaly kabul edýärdim» diýip, çeper okaýyşda aýdymyň sözlerini gaýtalady. Ondan Atabaýyň eliniň işliligi hakynda soradym. Ol: «Atabaýyň elinden gelmeýän iş ýokdy. Suwagçylykdanam, gurluşykdanam, ulag ussaçylygyndanam hat-da tikin-çatyndanam baş çykarýardy. Ol oglanlaň gyýma balaklaryny özi biçip tikýärdi. Ejesi bilen şahyr Gurbannazar Ezizowyň kakasy dogan. Belki, şondandyr, ejesiniňem, Atabaýyňam zergärçilikden başy çykýardy» diýdi.Soňra-da ol Atabaý bagşy on ýedi ýaşyndaka bile düşen suratyny getirip berdi.

Atabaý bagşy on doganyň bäşinjisi bolup, iki oglan sekiz gyz dogan bolan. Şu makalany ýazyp ýörkäm onuň körpe jigisi Bägül bilen gürrüňdeş boldum. Türkmençilikde «Bir dogan ýanar, bir-de dogran» diýleni. Onuň agalaryny ýatlap, gözlerini ýaşlap oturyşy, doganlarymy ýitirip görenim üçinmi, juda täsir etdi. Ol el telefonundaky suratlary synlap, çagalyk döwri bilen bagly pursatlary ýatlady.

— Atabaý maňa hemişe «Körpäm» diýip ýüzlenerdi. Kiçiräk wagtlarym ol maňa: «Körpämiň jigisem ýok» diýip degerdi. Menem: «Oňa derek dokuz sany doganym bar. Hon-ha, Nurgözeliň bolsa özünden uly bir doganam ýok» diýip, iň uly aýal doganymyň adyny tutardym welin, hezil edip gülerdi.

Atabaýyň kiçilikden aýdyma höwesi uly bolupdyr. Eýýäm mekdep okuwçysy döwri aýdym aýdyp başlapdyr. Bir gezek çaga wagty ol ejem bilen toýa gidipdir. Toýda-da Annaberdi Atdan bilen Öwezgeldi Tekäýew aýdym aýdypdyr. «Toýdan soň dolanyp öýe geldik welin, Atabaý: «Eje jan, ýaňy toýda diňlän aýdymlarym etim, süňküm bilen içime girdi» diýip, bir ýerde oturyp karar tapyp bilmedi» diýip ejem pahyr gürrüň beripdi. Onuň özi hakynda ýazan ýatlamalaryny, aýdym ýazgylaryny, suratlaryny şahsy arhiwimde saklaýan. «Agam Atajan hakynda-da, Atabaý hakynda-da, ýazan ýatlamalarymy ahyry bir gün kitaba jemlärin» diýip ýygnap ýörün. Atabaýyň üç ogly, bir gyzy, on iki agtygy bar. Ogullary Kuwwat jan bilen Muhammet jan kakasynyň ýolundan aýdym aýdýarlar. Olar eli tarly sahna çykanlarynda doganym aramyzda bar ýaly duýýan. Atabaý hakynda ýatlamalaryň haýsy birini ýatlaýyn, bir gün öýlerine barsam ol tamdyr suwap dur. Tamdyryň körüginiň ýokarsyndan owadanlap goçak çekip suwag edip duran keşbi häzirem göz öňümde dur. Onuň öz eli bilen tiken peşehanasy şu wagtam öýümizde bar» diýdi. Ondan Atabaý bagşy hakynda döredilen dokumental filmiň ýazgysyny alyp gaýtdym. Şol filmden bolsa, tanymal sungat wekilleriniň Atabaý Çarygulyýewiň döredijiligi hakynda aýdan gürrüňleriniň käbirlerini ýazyp aldym.

Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow, «Atabaý aýdyma diýenini etdirip bilýärdi» diýen bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Kyýas Durdyýew, «Sungat gözi bilen seredeniňde Atabaý özbaşyna bir mekdep bolup dur. Ses babatda aýdanymda bokurdakdan alynýan ses bar, kükrekden alynýan ses bar, agyz boşlugyndan gaýnaw bilen alynýan wagty bolýar, burnuň üstünden aýlap gaňşyrawugyňdan alynýan wagty bolýar. Şulaň hemmesi Atabaý halypada jemlenen. Atabaýyň aýdymlaryny diňläniňde, hem estrada sungatyny diňläp bolýar, hem ata-baba gelýän halk aýdymlarymyzy diňläp bolýar. Sahy aga, Magtymguly Garly ýaly halypalara çemeleşäýmek oýun oýunjak däl. Sebäbi olar sungatyň eýeleri. Olar her aýdymy gaýtalanmaz ýaly edip, nusgalyk mekdep edip goýup giden halypalar. Atabaý halypa şeýlebir tebigy berlen sesi bilen, tebigy berlen zehini bilen, şol beýik-beýik halypalara çemeleşip, baş alyp çykan halypa. «Daglara», «Jan-eý, jan» ine, şu aýdymlary estrada sungatynda aýdyp bolaram öýdülenokdy. Atabaý halypa şol aýdymlary-da estrada geçirip, ussatlyk bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelmegi başardy.Ýene bir ýagdaý türkmen bagşyçylyk ýolunda belent sesde ýerine ýetirilýän aýdymlary göni aýtmak kyn. Ilki bokurdagyňy pessaý heňde gyzdyryp, beýik sesde aýdylýan aýdymlary onsoň aýtmaly. «Zülpüň seniň», «Ýetişsem»,  «Akyl peri» şirwan perdeden aýdylýan, beýik aýdymlar hasaplanýar. Bu aýdymlar özümiziňem ýaýdanyp-ýaýdanyp aýdýan aýdymlarymyz» diýýär. Onuň bu aýdanlarynyň üstüni Türkmenistanyň halk artisti Parahat Şyhymow, şu gürrüňleri bilen ýetirýär. Ol: «Atabaý sesi beýik bolansoň, şunuň ýaly aýdymlary aýtmakdan çekinmezdi. Çeküwli aýdymlary aýdanda-da, hiç-hili kemini goýman aýdardy. Özem ol hemme welaýatyň ýolundan aýdardy. «Ýaryň güli geldi, özi gelmedi», «Ol ýylan»… Halypalaryň aýdan türkmen halk aýdymlaryny estrada-da, şeýle dürs hasaply edip Atabaý halypadan başga aýdanam bardyr öýdemok.  Ol aýdymlary  ähli ýollardan, özem şeýle bir ýerine düşürip, halkyň ýüregine ornar ýaly edip ýerine ýetiren halypa» diýip baha berýär. Zehinli aýdymçyJumamyrat Gylyjow bolsa: «Ussat halypalaryň aýdymlaryny estrada geçirmek bar, öz ýoluňa salyp aýtmak bar. Her bir ýoluň öz aýratyn jukguldysy bar. Atabaý halypa aýdymyň arasynda hiç jukguldy etmeýärdi. Ol jukguldy bilen aýtmagy başarman taşlamady.Öz ýoluny goýdy. Aýdymlary özüçe bokurdagynda estrada gelişýän süýji gaýnawlar edip ýerine ýetirdi. «Hatyja», «Ýar senden» başga-da aýdymlar bar. Onuň bu hili ýerine ýetiriş aýratynlygyna hiç bir halypa bellik etmedi, gaýta goldadylar. Ol bu aýdymlary Sahy halypadan öwrendi, ýöne özüçe özboluşly öwüşgin berip,ýerine ýetirdi» diýip pikirini aýdýar. Buça bolanyna görä, Atabaý bagşynyň döredijiligine şeýle uly baha beren kärdeşleriniň ýene biriniň aýdanlaryny goşaýyn. Türkmenistanyň halk artisti Kerim Gurbanalyýew, «Yrakda durma» halk aýdymy halypa bagşy Orazgeldi Ylýasow özboluşly bokurdak gaýnawlary bilen aýdan bolsa, Atabaý özüçe üýtgeşik çeküw bilen estrada-da ýerine ýetirip halka söýdürip bildi. Onuň ýene bir ýerine ýetirijilik aýratynlygy bar. Üýtgeşik, özüne gelişýän sesi bilen çekip, «Siz sazandalar bolmasaňyz, men kim» diýen ýaly sazandalaryny ruhlandyrýar. Şol hereketem özüne gelişýärdi» diýip baha berýär. Munuň özi, tejribesi ýetik, halkymyz tarapyndan hem Döwletimiz tarapyndan ykrar edilen bagşy-sazandalaryň Atabaý Çarygulyýewiň sungatyna goýýan uly mertebesiniň subutnamasy. Ynha, şeýle öwgüli sözler bilen tarypy ýetirilýän, Atabaý bagşynyň döredijiligi hakynda aýdylýan ajaýyp jümleler, onuň ykbal ýolundaky täsin maglumatlar juda kän. Olary bir makalada aýdyp geçmek mümkin däl. Onuň hat-da daşary ýurtly aýdymçylar bilen bagly pursatlarynyň özi aýratyn ýazylmaga mynasyp. Sebäbi ol ýigrimiden-de gowrak daşary ýurtlaryň sahnalarynda çykyş edip, türkmen aýdym-saz sungatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýyp ýaşyl tugumyzy belentden parladan beýik ussat.

         Akgül SAPAROWA.

 

Fahriýa Aliýewa: sungata bagyşlanan ömür

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri