TESWIRLER

Atabaý Çarygulyýew

Doglan ýeri
Aşgabat şäheri
Doglan senesi
1958-nji ýylyň 3-nji oktýabry
Aradan çykan senesi
2009-njy ýylyň 21-nji marty
Bilimi
Gämi obasyndaky 5-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Halk hojalyk institutyny tamamlan
Gysgaça maglumat
Atabaý bagşynyň hakyky ady Hojanazar eken, ýöne at dakylan bolany üçin kakasynyň: «atambaý, atambaý» diýip söýgülemegi bilen Atabaý ady ýörgünli bolup galypdyr. Ol on doganyň bäşinjisi bolup, iki oglan sekiz gyz dogan bolan. Atabaýyň kiçilikden aýdyma höwesi uly bolupdyr. Okuwçy döwri aýdym aýdyp başlapdyr. Bir gezek çaga wagty ol ejesi bilen toýa gidipdir. Toýda-da Annaberdi Atdanow bilen Öwezgeldi Tekäýew aýdym aýdypdyr. «Toýdan soň dolanyp öýe gelensoňlar Atabaý: «Eje jan, ýaňy toýda diňlän aýdymlarym etim, süňküm bilen içime girdi» diýip, bir ýerde oturyp karar tapyp bilmändir. Atabaýyň üç ogly, bir gyzy, on iki agtygy bar. Ogullary Kuwwat bilen Muhammet  kakasynyň ýolundan aýdym aýdýarlar. Atabaýyň diňe bir aýdym-sazdan däl,  suwagçylykdanam, gurluşykdanam, ulag ussaçylygyndanam hat-da tikin-çatyndanam başy çykýar eken. Ol oglanlaň gyýma balaklaryny özi biçip tikmegi başarypdyr. Onuň ejesi bilen şahyr Gurbannazar Ezizowyň kakasy dogan. Belki, şondandyr, ejesiniňem, Atabaýyňam zergärçilikden başy çykýar eken. Ol Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, döwlet hem halkara derejesindäki bäsleşikleriň birnäçe gezek ýeňijisi, ussat aýdymçy. Özüniň gysga ömründe öçmejek ýol goýdy. Muňa onuň ýoluny dowam etdirip, özleri halypalyga ýeten şägirtleriniň aýdym-saz çykyşlaryndanam göz ýetirip bolýar. Onuň ýolundan aýdym aýdýanlar bir ýa iki däl. Şonda eýýäm aýdymyň sazy başlandan, Atabaý bagşynyň özboluşly täsin bokurdak gaýnawlary bilen sazlaşykly hereketdäki sahna ussatlygy göz öňüňde janlanyp, bagşynyň özi sahna çykaýjak ýaly ünsüňi egleýär. Onuň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary bilen birlikde öz döreden aýdymlary-da uly meşhurlyga eýedir.
Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimow, «Atabaý aýdyma diýenini etdirip bilýärdi» diýen bolsa, Türkmenistanyň halk artisti Kyýas Durdyýew, «Sungat gözi bilen seredeniňde Atabaý özbaşyna bir mekdep bolup dur. Ses babatda aýdanymda bokurdakdan alynýan ses bar, kükrekden alynýan ses bar, agyz boşlugyndan gaýnaw bilen alynýan wagty bolýar, burnuň üstünden aýlap gaňşyrawugyňdan alynýan wagty bolýar. Şulaň hemmesi Atabaý halypada jemlenen. Atabaýyň aýdymlaryny diňläniňde, hem estrada sungatyny diňläp bolýar, hem ata-baba gelýän halk aýdymlarymyzy diňläp bolýar. Sahy aga, Magtymguly Garly ýaly halypalara çemeleşäýmek oýun oýunjak däl. Sebäbi olar sungatyň eýeleri. Olar her aýdymy gaýtalanmaz ýaly edip, nusgalyk mekdep edip goýup giden halypalar. Atabaý halypa şeýlebir tebigy berlen sesi bilen, tebigy berlen zehini bilen, şol beýik-beýik halypalara çemeleşip, baş alyp çykan halypa. «Daglara», «Jan-eý, jan» ine, şu aýdymlary estrada sungatynda aýdyp bolaram öýdülenokdy. Atabaý halypa şol aýdymlary-da estrada geçirip, ussatlyk bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelmegi başardy.Ýene bir ýagdaý türkmen bagşyçylyk ýolunda belent sesde ýerine ýetirilýän aýdymlary göni aýtmak kyn. Ilki bokurdagyňy pessaý heňde gyzdyryp, beýik sesde aýdylýan aýdymlary onsoň aýtmaly. «Zülpüň seniň», «Ýetişsem»,  «Akyl peri» şirwan perdeden aýdylýan, beýik aýdymlar hasaplanýar. Bu aýdymlar özümiziňem ýaýdanyp-ýaýdanyp aýdýan aýdymlarymyz» diýýär. Onuň bu aýdanlarynyň üstüni Türkmenistanyň halk artisti Parahat Şyhymow, şu gürrüňleri bilen ýetirýär. Ol: «Atabaý sesi beýik bolansoň, şunuň ýaly aýdymlary aýtmakdan çekinmezdi. Çeküwli aýdymlary aýdanda-da, hiç-hili kemini goýman aýdardy. Özem ol hemme welaýatyň ýolundan aýdardy. «Ýaryň güli geldi, özi gelmedi», «Ol ýylan»… Halypalaryň aýdan türkmen halk aýdymlaryny estrada-da, şeýle dürs hasaply edip Atabaý halypadan başga aýdanam bardyr öýdemok.  Ol aýdymlary  ähli ýollardan, özem şeýle bir ýerine düşürip, halkyň ýüregine ornar ýaly edip ýerine ýetiren halypa» diýip baha berýär. Zehinli aýdymçyJumamyrat Gylyjow bolsa: «Ussat halypalaryň aýdymlaryny estrada geçirmek bar, öz ýoluňa salyp aýtmak bar. Her bir ýoluň öz aýratyn jukguldysy bar. Atabaý halypa aýdymyň arasynda hiç jukguldy etmeýärdi. Ol jukguldy bilen aýtmagy başarman taşlamady.Öz ýoluny goýdy. Aýdymlary özüçe bokurdagynda estrada gelişýän süýji gaýnawlar edip ýerine ýetirdi. «Hatyja», «Ýar senden» başga-da aýdymlar bar. Onuň bu hili ýerine ýetiriş aýratynlygyna hiç bir halypa bellik etmedi, gaýta goldadylar. Ol bu aýdymlary Sahy halypadan öwrendi, ýöne özüçe özboluşly öwüşgin berip,ýerine ýetirdi» diýip pikirini aýdýar. Buça bolanyna görä, Atabaý bagşynyň döredijiligine şeýle uly baha beren kärdeşleriniň ýene biriniň aýdanlaryny goşaýyn. Türkmenistanyň halk artisti Kerim Gurbanalyýew, «Yrakda durma» halk aýdymy halypa bagşy Orazgeldi Ylýasow özboluşly bokurdak gaýnawlary bilen aýdan bolsa, Atabaý özüçe üýtgeşik çeküw bilen estrada-da ýerine ýetirip halka söýdürip bildi. Onuň ýene bir ýerine ýetirijilik aýratynlygy bar. Üýtgeşik, özüne gelişýän sesi bilen çekip, «Siz sazandalar bolmasaňyz, men kim» diýen ýaly sazandalaryny ruhlandyrýar. Şol hereketem özüne gelişýärdi» diýip baha berýär. Munuň özi, tejribesi ýetik, halkymyz tarapyndan hem Döwletimiz tarapyndan ykrar edilen bagşy-sazandalaryň Atabaý Çarygulyýewiň sungatyna goýýan uly mertebesiniň subutnamasy. Atabaý bagşynyň döredijiligi hakynda aýdylýan ajaýyp jümleler, onuň ykbal ýolundaky täsin maglumatlar juda kän. Onuň hat-da daşary ýurtly aýdymçylar bilen bagly pursatlarynyň özi aýratyn ýazylmaga mynasyp. Sebäbi ol ýigrimiden-de gowrak daşary ýurtlaryň sahnalarynda çykyş edip, türkmen aýdym-saz sungatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýyp ýaşyl tugumyzy belentden parladan beýik ussat.

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady