CES 2026 Las Vegas

“Ata Watan Media” Las Wegasdaky dünýä tehnologiya sergisine (CES 2026) çagyryldy

Ata Watan Media CES 2026 — Las Vegas, ABŞ

Dünýäniň iň iri tehnologiya sergisi — CES 2026 (Consumer Electronics Show) ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde 2026-njy ýylyň 6–9-njy ýanwary aralygynda geçiriler. Bu abraýly çäre dünýäniň öňdebaryjy tehnologiya kompaniýalaryny, innowatorlaryny we halkara metbugat wekillerini bir ýere jemlär.

“Ata Watan Media” bu ýylky CES 2026 sergisine resmi media wekili hökmünde gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy. Bu mümkinçilik arkaly global innowasiýalaryň iň täze ugurlary, emeli intellekt ulgamyndaky soňky ösüşler hem-de täze tehnologiýalar barada maglumatlar okyjylara we tomaşaçylara gyzgyny bilen ýetiriler. Şeýle hem Las Wegasda geçiriljek ýörite media duşuşyklaryna gatnaşmak mümkinçiligi dörediler.

Ata Watan Media-nyň şeýle abraýly halkara çärä çagyrylmagy, türkmen metbugatynyň halkara giňişliginde tanalmagy we işjeňliginiň artmagy ugrunda möhüm ädim bolup durýar.

CES dünýäniň iň täsirli tehnologiya sergileriniň biri hökmünde tanalýar. Sergide telekeçilik, emeli intellekt, awtomatlaşdyryş, akylly enjamlar we beýleki döwrebap tehnologiýa çözgütleri boýunça köp sanly öňdebaryjy önümler we taslamalar görkezilýär.

Çäre media wekilleri üçin ýörite taýýarlanan programma, Media Days (Metbugat günleri), şeýle hem sergi meýdançasynda geçirilýän dürli prezentasiýalar we tanyşdyryş çäreleri bilen baýlaşdyrylandyr.

Ata Watan Media-nyň CES 2026-da gatnaşmagy dünýä tehnologik täzelikleri barada maglumatlary türkmen dilinde giňden ýaýratmaga uly goşant goşar. Sergi bilen bagly ähli täzelikler www.atavatan-turkmenistan.com
saýtynyň CES 2026 Las Vegas bölüminde, şeýle hem Instagram, TikTok, Facebook ýaly jemgyýetçilik torlarynda paýlaşylar. Mundan başga-da, Ata Watan TV YouTube kanalynda ýörite wideo habarlar tomaşaçylara ýetiriler.

Ýene-de okaň

ModigenceVision fiziki AI üçin 3D perception we edge AI çözgütlerini tanyşdyrýar

LebenGrida ýaşlanýan jemgyýetler üçin AI esasly kognitiw saglyk çözgütlerini tanyşdyrýar

HIROH maglumat howpsuzlygy boýunça täze nesil smartfonyny tanyşdyrýar

Digi International sanly saglyk ulgamlary üçin ygtybarly baglanyşyk

Cearvol eşidiş tehnologiýalarynda täze AI innowasiýalaryny tanyşdyrýar

JSAUX el oýun enjamlary üçin täze nesil aksesuar çözgütlerini tanyşdyrýar