“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň netijeleri mälim boldy. 2020-nji ýylyň 30-njy martynda sagat 15:00-da bäsleşik tamamlandy we şonuň netijesinde bäsleşigiň emin agzalarynyň hem-de internet saýtynda okalan sanyna laýyklykda ýeňijiler belli boldy.
Bäsleşigiň şertlerine görä, ýeňijini kesgitlemek üçin emin agzalarynyň beren balynyň 50 göterimi hem-de şol eseriň saýtymyzdan “okalan sanynyň” hem 50 göterimi alyndy. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserler saýtymyzyň “Türkmen”, “Iňlis” we “Türk” sahypalarynda ýerleşdirildi. Her bir sahypada okalan sany goşulyp, emin agzalarynyň beren baly bilen goşulyp, ýeňijiler belli boldy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 3 dildäki sahypamyzda ýerleşdirilen makalalaryň “okalan sanynyň jemi hasaba alynýandygyny üçin “Ýasama okama sanynyň artdyrmak” synanyşygynyň öňüni almak maksady bilen “Google Analytic” maglumatlarynyň esas alnandygyny mälim edýäris.
Malim bolşy ýaly, bu bäsleşige 100-den gowrak eser hödürlendi. Bäsleşik “Aysözen Management Consulting” merkeziniň we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň ýakyndan goldaw bermegine geçirildi.
Şu ýerde bäsleşigiň netijeleri boýunça ilkinji 25 eseriň awtorlaryny hem siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI…
- Döwletgeldi Ilgeldiýew
- Aýjemal Gaýlyýewa
- Bagtygül Ernazarowa
- Tirkiş Mälikgulyýew
- Oguljennet Çaryýewa
- Şyhmustapa Hudaýberdiýew
- Aýşirin Alyýewa
- Yhlas Seýtiýew
- Rahman Kakabaýew
- Parahat Ataýew
- Dürjan Ýernazarowa
- Nargiza Melsowa
- Seýitmämmet Berdimämmedow
- Ogulmaral Sapargeldiýewa
- Abdyrahym Begjanow
- Aýgül Garaýewa
- Agageldi Italmazow
- Dädebaý Nazkulyýew
- Dawut Asgarow
- Nurgylyç Nurmammedow
- Ogulnur Pirjikowa
- Oguljennet Paşykowa
- Baky Amanýazow
- Begnazar Atanyýazow
- Sylap Durdyýew