MEDENIÝET

“Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli düzümler hereket edýän ylalaşyklar esasynda, daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleri bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurdaky toplumlaýyn işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran Karary bilen tassyklanan “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda soňky ýyllarda toplanan maglumatlary dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek göz öňünde tutulýar. Bu täze neşir giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin niýetlenýär. Şunuň bilen birlikde, neşiri Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna ibermek, onuň elektron görnüşini internet arkaly okyjylara elýeterli etmek meýilleşdirilýär. Täze neşiriň redaksion geňeşiniň düzümine türkmen alymlary we bilermenleri bilen bir hatarda, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň meşhur bilermenleriniň, alymlarynyň goşulandygy barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň örän baý ruhy gymmatlyklara eýedigini nygtady. Medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny toplamak, gorap saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak möhüm wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy