BIZNES

Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawy mümkinçiligine garaldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň dowamynda Astrahan oblastynyň wise-gubernatory – oblast hökümetiniň başlygy Denis Afanasýew Aşgabatda saparda boldy. «Türkmenistan – biziň strategiki hyzmatdaşymyz we ygtybarly dostumyz. Biz özara hyzmatdaşlygymyza aýratyn üns berýäris» diýip, Denis Afanasýew jemgyýetçilik ulgamyndaky sahypalarynda belläp geçdi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ulag-aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary Mämmethan Çakyýew bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Haryt dolanyşygynyň ösmegi üçin logistika merkezi

Duşuşygyň merkezinde Astrahan oblastynda logistika merkezini döretmek meselesi boldy. Sebit eýýäm degişli ýer böleklerini bölüp berdi, taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretdi hem-de degişli ylalaşyklara gol çekdi. Häzirki wagtda Astrahan oblasty türkmen tarapynyň tehniki tabşyrygyny garaşýar. Merkeziň açylmagy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.

Deňiz gatnawy we täze mümkinçilikler

Astrahan oblasty iki ýurduň portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz gatnawyny ýola goýmakda uly mümkinçilik görýär. Sebit oba hojalyk önümleriniň we senagat harytlarynyň giň görnüşini ibermäge taýýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýük daşamalarynyň täze mümkinçiliklerini açar.

Gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk

Geçirilen gepleşiklerde gämi gurluşygy babatynda hyzmatdaşlyk meselesi hem maslahatlaşyldy. Astrahan gämi zawodlary Hazarýaka ýurtlarynyň sargytlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär we Türkmenistanyň «Balkan» zawody bilen hyzmatdaşlyga taýýardyr.

Hünärmenleri taýýarlamak

Mämmethan Çakýew, Türkmenistanyň deňiz we gämi gurluşyk kompaniýalary üçin hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Okuw bazasy hökmünde admiral F.M. Apraksiniň adyny göterýän Hazar deňiz we derýa ulaglary instituty, şeýle hem Astrahan oblastynyň beýleki ýokary okuw mekdepleri seredilýär.

Syýahatçylyk we işewürlik üçin göni howa gatnawy

Syýahatçylygy we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin taraplar Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawyny ýola goýmak mümkinçiligini maslahatlaşdylar. Astrahan howa menzili bu ugurda «Türkmenhowaýollarynyň» işini üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmäge taýýardyr.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler