JEMGYÝET

Aşgabatda МАМА «Ene Tebigat» atly halkara sungat sergisine gezelenç guraldy

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan guralan we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen geçirilýän “MAMA NATURE” (“Ene tebigat”) halkara sungat sergisine gezelenç guraldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Bilşiňiz ýaly, bu halkara sungat sergisi 20-nji oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda öz işine başlapdy.

Şol günden bäri dünýäniň 35-den gowrak, şol sanda Türkmenistan döwletimizden hem 2 sany suratkeşiň suratlaryny özünde jemleýän bu halkara surat sergisi öz işini dowam etdirýär. Oňa tomaşa etmäge gelýänleriň sany yzygiderli artýar.

Bu gezek bolsa, Türkmenistandaky akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri üçin ýörite gezelenç guraldy.

Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Saadat Ýusupowa, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş işgärleri, şeýle hem mugallymlar, talyplar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Gezelenjiň dowamynda gatnaşyjylar sergide görkezilýän sungat eserleri bilen tanyşdylar hem-de taslamanyň esasy maksady we konsepsiýasy barada maglumat aldylar.

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan bu sergi 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 30-na çenli hemmelere açyk boljakdygyny bellemek gerek.

 

Related posts

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Täze ýokary okuw mektebi dörediler

vepa

Türkmenistan bilen Gruziýa ulag-üstaşyr ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Ata Watan Eserleri