Düýn paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumynyň, şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabaralary boldy.
Dabara gatnaşyjylar Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze edara binasy bilen tanyşdylar. Onuň merkezi ýangyn aragatnaşyk-wideogözegçilik nokadynda ýaş hünärmen döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan otagyň işleýşi barada gürrüň berdi. Uçarmansyz uçýan enjamlar arkaly wideogözegçiligi amala aşyrmak, ýangyn döräp biläýjek ýerleri hasaba alyp, hadysanyň öňüni almak mümkindir. Aragatnaşyk-wideogözegçilik nokadynda sanly ulgam bilen utgaşyklylykda diňe bir tebigy çäkler däl, eýsem, ýaşaýyş jaýlary, beýleki ähmiýetli desgalar hem göni aragatnaşykda gözegçilikde saklanýar. Müdirligiň täze edara binasynda galkynyş we mejlisler otaglary hem bar.
Täze binada gulluk-iş maksatlary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde synag meýdançasy, ýerasty suw howuzlary, synag beketleri, tehniki beket, ýangyna garşy we suwarma howdany, basdyrmaly awtoduralgalar bar. Toplumyň gurluşygy «Dor bedew» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilipdir.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň ýaşaýyş, gulluk şertlerini gowulandyrmak barada döwletimiziň edýän aladasynyň netijesidir. Toplumyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu alada mynasyp jogap bermek mukaddes borçdur. Dabaranyň dowamynda bu döwrebap binany gurmakda has tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, täze jaýlardan öý alan maşgalalara bolsa açarlar gowşuryldy.
Iki gatly, döwrebap kottej jaýlaryň her biri bäş otagdan ybaratdyr. Bularda ýaşaýyş üçin ýokary derejeli amatlyklar döredilipdir.