Şu gün ýurdumyzda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly öz işine başlady.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip atlandyrylýan ýylynda türki halklary bir ýere jemleýän bu medeni çäre doganlyk halklaryň birek-biregiň teatr sungaty bilen içgin tanyşmagyna uly mümkinçilik döredýär.
Festiwalyň çäklerinde 18-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň «Magtymguly», Gazagystan Respublikasynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly drama teatrynyň «Guýy», Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Kabyl we Habyl» oýunlary görkeziler.
19-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Gelin ýöreýşi», Gyrgyz Respublikasynyň Kasymaly Žantoşew adyndaky sazly drama teatrynyň «Ak gämi», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň «Pursat», Türkiýe Respublikasynyň Siwas döwlet teatrynyň «Garajaoglan», şeýle-de Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň «Akyldar» atly sahna oýunlaryna tomaşa etmek mümkin bolar.
Bu festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen tükriýeli sungat işgäri Bogaçhan Sözmen bilen “Ata Watan Media” topary bolup söhbetdeş bolduk.
– Biz Aşgabat şäherinde “Garajaoglan” atly sahna oýunymyz bilen geldik. Aşgabatdaky TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalynda Türkiýäniň döwlet teatrlaryna wekilçilik edýäris. Aşgabatda gurnalýan bu möhüm çäräniň gymmaty uludyr. Biziň “Garajaoglan” atly sahna oýunymyz Anadoly topragyndaky bagşynyň durmuşyny açyp görkezýär. Şeýle hem möhüm medeni çärä gatnaşýandygymyza buýsanýarys. Biz öz oýnumyza türkmen we türki halklaryň wekillerine hödürläýris. Şeýle hem olaryň teatr oýunlaryna tomaşa ederis. Bu özboluşly medeni alyş-çalyş bolup hyzmat eder – diýip, Bogaçhan Sözmen belledi.
Özboluşly sungat baýramçylygyna öwrüljek teatr festiwalyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna hem-de Seýit Jemaleddin ýadygärligine gezelenç ederler.
Teatr festiwalynyň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahaty, suratkeşleriň festiwaly hem-de TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň duşuşygy geçiriler.