DÜNÝÄ

Aşgabatda täze “Yutong” ýolagçy awtobuslary hyzmat edip başlady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze “Yutong” kysymly hem-de sowadyjy ulgamly ýolagçy awtobuslar paýtagtymyz Aşgabadyň şaýollaryny we köçelerini bezäp, ilata hyzmat edip başlady. Kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze ýolagçy awtobuslarynyň 700-si gelip gowuşdy.

Hytaýda öndürilen bu ulaglar  uzynlygy 12 metr bolan «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobuslar üç gapyly bolup, olaryň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär.

Täze awtobuslar zyýanly maddalary we gazlary juda az möçberde çykarýar. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň ekologik abadançylygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, bu kysymly awtobuslaryň ilkinji nusgasy şu ýylyň baharynda synag hökmünde ulanmak üçin Aşgabada getirilip, paýtagtymyzyň şaýollarynda dürli ugurlar boýunça hereket etdi.

Awtobusyň hereketiniň tizligini dolandyryjy awtomatik ulgam Germaniýanyň önümi bolup durýar. Täze awtobuslaryň içi gyşyna ýyly, tomsuna bolsa salkyndyr.

Ulag serişdelerinde ýolagçylaryň münmegini we düşmegini gözegçilik etmek üçin degişli enjamlar hereket edýär. Wideogözegçilik, GPS we wideokameralar ulanyp, awtobuslaryň hereketini we sürüjiniň işini gözegçilik etmek ulgamy gurnalandyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar