BILIM

Aşgabatda «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirilýär

13-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigine badalga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde guralýan bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlarydyr hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Olar bäsleşigiň innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar, ýörite ugur, maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçiliklerinidir taslamalaryny hödürleýärler.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde guralýan bäsleşikde hödürlenen işleriň derwaýyslygyna, ideýasynyň özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, programmirlemegiň işlenip düzülen diline, interfeýsiniň kämilligine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna baha berilýär.

Bäsleşik 15-nji aprelde tamamlanar.

 

Aşgabatdaky binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary

 

 

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy