JEMGYÝET

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda owgan  harytlarynyň sergisi öz işine başlady. 6-njy marta çenli dowam edýän sergä Owganystandan 100-e golaý kompaniýa gatnaşyp, özüniň senagat, ýeňil we azyk senagaty, halyçylyk we beýleki ugurlarda öndürýän harytlaryny görkezýär.

Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sergisine Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Serginiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar harytlar bilen tanyşlyk geçdiler.

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew owgan kompaniýalarynyň diwarlyklaryndaky harytlar barada maglumat aldylar.

Sergi zalynyň diwarlyklarynda owgan kompaniýalarynyň azyk senagatyna degişli önümleri, dürli süýji-köke önümleri, ýeňil senagat boýunça aýapgak önümçiligi, dokma önümleri, şeýle hem mermer we granit ýaly senagat önümçiligine degişli harytlary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem sergä Owganystanyň birnäçe bank düzümine degişli banklar hem diwarlyklaryny açyp, öz mümkinçiliklerini görkezýär.

Sergide Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli hususy pudagyň wekilleriniň önümleriniň diwarlyklary hem ýerleşdirildi.

Sergi 6-njy marta çenli öz işini dowam eder.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri