Paýtagtymyz Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik çäresi geçirildi. Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şuminiň gatnaşmagynda geçirilen dabara “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Çärä ýokary derejeli myhmanlar – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ilçi Szi Şumin öz çykyşynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtap, döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara güýçli itergi berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol ulag, energetika, söwda we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň açylýandygyny belläp, Hytaýyň dünýä derejesindäki ösüşleri we halkara başlangyçlary barada maglumat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhyň çuňlugyna baryp ýetýändigini, halklaryň arasyndaky ynamly hyzmatdaşlygyň köpasyrlyk esaslarda ösdürilýändigini belledi. Ministr halkara syýasy giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň hem ýokary derejä çykandygyny nygtap, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňelýändigini aýratyn belläp geçdi.
Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň döwrebap mazmuny ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinden çykyp, giň medeni-ynsanperwer ulgamlara hem aralaşýar. Hytaýda bilim alýan türkmen talyplarynyň sanynyň artmagy, Medeniýet ýyllarynyň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem sebitler arasyndaky gatnaşyklar dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hyzmat edýär.
Daşary işler ministriniň bellemegine görä, häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasynda türkmen talyplarynyň 6500-den gowragy dürli ugurlar bilim alýar. Şeýle hem Türkmenistanda dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasynyň dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýänleriň sany hem yzygiderli artýar.
Bu dabaraly çäre iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halklaryň arasyndaky dostlugyň hem pugtalanyp barýandygyny subut etdi.
Bu dabaraly çäräniň ahyrynda myhmanlara hödür-kerem edildi, şeýle hem türkmen we hytaý sazlary ýaňlandy.









