Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde türkmen tarapyna maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulоw, wenger tarapyna bolsa, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Gündogar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter ýolbaşçylyk etdi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlenmek meseleleri girizildi.
Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp geçdiler.
Mejlisiň dowamynda oba hojalygy we azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly däp bolan giň gerimli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.
Toparyň agzalary hökümetleriň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goldamak baradaky Ylalaşygyň mümkin bolan çalt wagtda gol çekilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Bu resminama iki ýurduň ykdysady düzümleriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we Türkmenistana wenger maýalarynyň akymy üçin hukuk esasyny döretmäge mümkinçilik berer.
Iki ýurduň wekilleri yzygiderli duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem häzirki mejlisde gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça altynjy mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi. Taraplar toparyň ýedinji mejlisini Budapeşt şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.