Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek boýunça DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şol ugurda ýurdumyzyň paýtagtyna ähmiýetli orun berilýär.
Milli Liderimiziň giň gerimli işleri hem-de netijeli başlangyçlary bilen häzir Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň merkezi, sebit we dünýä derejesindäki möhüm forumlaryň hem-de duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň üçin zerur bolan düzüm döredildi. Bular ýaly çäreleriň gurnalmagy hem-de guramaçylyk we many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirilmegi Aşgabadyň halkara parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraýyny barha artdyrýar.
Ýurdumyzyň halkara giňişlikde gazanýan üstünlikleri paýtagtymyz bilen aýrylmaz baglydyr. Daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň yzygiderli Aşgabada amala aşyrýan saparlary umumy bähbitlere kybap gelýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanda olaryň sany yzygiderli artýar. Häzir BMG-niň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň (UNOPS) wekilhanasyny, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) wekilhanalaryny Aşgabat şäherinde açmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheri dünýäde işewürlik merkezi, intellektual we medeni paýtagt hökmünde hem giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ady agzalan guramanyň döredijilik şäherleriniň Ählumumy toruna girizmek boýunça şu ýylyň ikinji ýarymynda degişli çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda sebitde we halkara giňişlikde Aşgabadyň ornuny artdyrmak boýunça teklipler taýýarlanylýar. Hususan-da, Aşgabat şäheri bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary ýola goýlan daşary ýurt şäherleriniň 11-si bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen Milli meýilnama işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň “Birleşen şäherler we ýerli dolandyryjy edaralar” atly halkara gurama goşulmagy meselesine seredilýär. Şolar bilen bilen bir hatarda, paýtagtymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine, ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek hem-de durmuşyň dürli ugurlarynda göreldeli işlere şäheriň ýaşaýjylarynyň höwesini artdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Meýletinçiler merkezini döretmek mümkinçilikleri öwrenilýär we teklipler taýýarlanylýar.
Milli Liderimize “AÅŸgabat şäheriniň hormatly raýaty” ady dakyldy