MEDENIÝET

Aşgabatda ekologiýa festiwaly geçiriler

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ikinji klimat we ekologiýa festiwaly geçiriler. “Geliň, Ýer şaryny bilelikde goralyň!” şygary bilen bu festiwal bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde guralar.

15-nji oktýabrda geçiriljek bu çäre Beýik Britaniýanyň hem-de Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň bilelikde gurnamagynda guralar.

Beýik Britaniýanyň hem-de Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanalaryna bu festiwaly gurnamaga ýaş ekologlar, bilelikdäki türkmen-türk mekdebi hem-de eko-blogger Gülnara Taýjanowa ýakyndan ýardam berýär.

Festiwal hemmeler üçin açykdyr. Onuň çäginde geçiriljek dürli medeni çäreler, filmleriň görkezilişi, surat sergisi we köp sanly gyzykly maksatnamalar  howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri