JEMGYÝET

Aşgabatda “Daşkent” dynç alyş seýilgähi gurlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemekden ybaratdyr.

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8,6 göterim ýokarlanandygyny bellemek ýerliklidir.

Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ilkinji nobatda, täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdiler.

Myhman öz ýurdunda geçen ýyl COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan dünýäniň umumy ykdysady çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň gazanan ykdysady üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de bellenilen umumy meýilnamalaryň we taslamalaryň geljekde hem üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi.

Şeýle hem iki ýurduň halklaryny asyrlaryň dowamyndan bäri birleşdirýän medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan ýola goýlan umumylygy binýadynda duran ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Daşkent şäherinde türkmen halkynyň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän köçäniň we akyldar şahyryň heýkeliniň hem-de “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagy baky dostlugyň, agzybirligiň hem-de halklaryň medeni taýdan ýakynlygynyň aýdyň nyşanydyr.

Öz nobatynda, türkmen paýtagtynda Alyşir Nowaýy köçesi bolup, “Ylham” seýilgähinde onuň ýadygärligi oturdyldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça birnäçe tekliplerini aýtdylar. Hususan-da, milli Liderimiz Aşgabatda “Daşkent” diýen at bilen seýilgähiň guruljakdygyny belledi.

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi