JEMGYÝET

Aşgabat ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna goşular

Paýtagtymyz Aşgabat şäherini özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenýän döwründe «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna giriziler. Bu babatda ÝUNESKO-nyň Sekretariýaty tarapyndan Aşgabat şäheriniň dalaşgärligi resmi taýdan kabul edildi. Bu barada ýerli metbugat habar berýär.

Dalaşgärlik ýüztutmasy garaşsyz hünärmenler tarapyndan ýakyn birnäçe aýyň içinde gözden geçiriler we bu mesele boýunça gutarnykly karar 31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler gününiň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň Baş müdiri tarapyndan yglan ediler.

ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri tory, medeniýete we jemgyýetiň goşulyşmagyna maýa goýmak isleýän şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda 246 şäheri öz içine alýar.

Tor öz işini ýedi ugur boýunça ösdürýär: “Hünär we halk döredijiligi”, “Dizaýn”, “Film”, “Gastronomiýa”, “Edebiýat”, “Mediýa sungaty” we “Saz”.

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy