SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat – Moskwa ugurly awiagatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa – Aşgabat rejeli gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylmagyny dowam etdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Awiakompaniýa ýanwar aýyna geçip, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat rejeli gatnawlaryny bir aý wagtlaýyn togtadylypdy.

Hususan-da, şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar! «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 01.02.25 – 28.02.25 seneler aralygynda Aşgabat – Moskwa – Aşgabat rejeli gatnawlary ýatyrylandygy Size habar berýäris.

Awiabiledyňyz doly ýagdaýda tutumsyz yzyna gaýtaryp bilýändiňiz barada habar beýäris. Habarlaşmak üçin elektron salgymyz info@turkmenistanairlines.tm we tel belgilerimiz 23-03-18, 23-03-15, 37-84-52, 37-84-32. 39-17-17.

1. RUSSIÝA FEDERASIÝASY
Sankt-Peterburgdaky baş agentlikligiň
Telefon belgisi:
TEL: +78124599899
TEL: +7 (903) 136-62-95
e-poçta: avia@itmgroup.ru
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Russiýa Federasiýasyndaky wekili bilen habarlaşmak üçin:
TEL: +79687592317

TEL: +7 (903)136-62-95

Ýene-de okaň

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi