SIZDEN GELENLER

Aşgabat – Gündogaryň merjen şäheri

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň ýokary derejesine laýyklykda, gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýar.

Ak şäherimiz Aşgabadyň birnäçe binalary hut hormatly Prezidentimiziň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, Ginnesiň rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça GDA-nyň çäklerinde 2021-nji ýyl “Binagärlik we şähergurluşyk” ýyly  diýlip yglan edildi..

Häzirki döwürde Türkmenistanda müňlerçe iri desgalaryň gurluşy alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli köp sanly desgalaryň ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynyň dowamynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde iri şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurlan täze binalaryň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň bank edaralarynyň binalary, Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi hem-de Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy bar.

Paýtagtymyz Aşgabat özüniň gaýtalanmajak ajaýyp binalary bilen 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy.

Şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji, 13-nji, 14-nji, 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň gurlan desgalar bilen bir hatarda  “Täze zaman”, “Çoganly”, “Gurtly”, ” Parahat-7” ýaşaýyş jaý toplumlary hem-de şaýollar Aşgabada özboluşly bezeg berýär

Hormatly Prezidentimiziň köpugurly ýörelgeleri öz içine alýan, uzak geljegi nazarlaýan şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde,bu gün ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz dünýäde iň gözel nusgalyk şähere öwrülýär. Häzirki wagtda Aşgabadyň günorta bölegi işewürlik merkeze öwrülýär.

Paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň Aşgabadyň hem-de tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýändigini bellemek möhümdir.

Gülälek Popyýewa,

Ýokanç keselleriň merkezleri müdiriýetiniň

Milli AIDS-nyň merkezi usulçy-lukmany.

 

Türkmenistandan Russiýa 12-nji ýörite uçar gatnawy

 

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheriniň belent ykrary

Geçmişden geljegiň hakydasy

Türkmen ýaşlary hakdaky aladanyň beýany

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk