SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Deli-Aşgabat ugry boýunça halkara gatnawlar ýola goýulýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan Aşgabat-Deli-Aşgabat ugry boýunça adaty uçar gatnawlaryny ýola goýup başlar. Bu ugur boýunça biletleriň satuwy “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir. Bu barada Turkmenportal neşiri habar berýär. Bellemeli zat, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sorag-jogap gullugy bu barada özlerinde maglumat ýokdygyny beýan edýär.

Şol tertipnamada görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Hindistanyň Deli şäherine mart aýynyň ahyrynda bilet satyn almak bolar. Biletiň bahasy 31457 rubl görnüşinde berlipdir.

Uçar gatnawy Hindistanyň paýtagtyna hepdede bir gezek ýekşenbe günleri amala aşyrylar. Aşgabatdan sagat 05:15-de uçup, Indira Gandi halkara howa menziline 09:05-de barar.

2020-nji ýylyň martynda pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli Türkmenistandan Hindistan ugry boýunça gatnawlar togtadylypdy. Şondan ozal, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Deli we Amritsar şäherlerine uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýärdi.

Kem-kemden halkara ugurlar boýunça adaty gatnawlary ýola goýup başlan “Türkmenistan” awiakompaniýasy ilkinjileriň hatarynda Dubaýa, Kazana, Moskowa, Stambula we Frankfurta gatnawlary ýola goýdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, mart aýynyň ahyryndan Hytaýyň Pekin şäherine, Beýik Britaniýanyň London şäherine hem-de Gazagystanyň Almaty şäherlerine gatnawlaryň ýola goýulmagy meýilleşdirildi.

 

Türkiýede bilim almak isleýän oglan-gyzlarymyzyň Stambul şäherinde ýerleşýän we bilim ulgamynda maslahat hyzmatlaryny berýän, Türkiýeden sanawa giren birnäçe ýokary okuw mekdebiniň Ygtyýarly wekili bolup durýan

Atavatan Danışmanlik Tercüme LTD şereketine ýüz tutup bilerler!

Habarlaşmak üçin :

+90 532 401 71 52

 +90 530 251 36 73

Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin : 

+993 63 78 96 73 &  +993 12 96 48 55

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa

Russiýa syýahatyňyzy “Türk howaýollary” bilen amala aşyryň!

Aşgabat – Moskwa ugurly awiagatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky syýahatçylyk rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri