JEMGYÝET

Aşgabat-Daşkent: ýük awtoulag kompaniýasyny döretmek teklip edilýär

Özbegistan Respublikasy Türkmenistan bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz ýurdunyň ýolbaşçy düzümi bilen eksport harytlaryny daşarky bazarlara, hususan-da Ýewropa çykarmak üçin has amatly halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda maslahat geçirdi. Şol maslahatda Türkmenistan we Pakistan bilen awtoulag ýük gatnawlary üçin bilelikdäki ulag kompaniýalaryny döretmek teklip edildi.

Ýurduň Prezidentiniň bellemegine görä, şu ýylyň başyndan bäri Özbegistanda eksportçylaryň sany 7,5 müňe ýetdi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, eksportuň möçberi 1,3 esse artyp, 8 milliard 200 million dollara deň boldy. Şu ýylyň dowamynda Özbegistanyň eksport harytlaryny 32 täze bazaryna ýetirmek işi ýola goýuldy. Ýewropa taýýar önümleri eksport edýän kärhanalaryň ulag çykdajylaryna edilýän kömekleriň möçberi 50 göterimden 70 göterime çenli ýokarlandyryldy.

Özbegistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Soňky 5 ýylda Özbegistanyň sebit ýurtlary bilen söwdasynyň möçberi 2,5 esse artyp, 6 milliard dollara ýetdi. Özbegistanda goňşy ýurtlaryň maýasynyň gatnaşmagynda 1,7 müň kärhana döredildi.

Şu nukdaýnazardan Özbegistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady korporasiýasyny giňeltmek üçin täze teklipleri we taslamalary işläp düzýär.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy