JEMGYÝET

Arylaryň «ylham» gülleri

Awstraliýaly dizaýner tarapyndan işlenip düzülen sintetiki tozanlandyryjy oba hojalygyndaky öndürijilige goşant goşýan arylaryň sanyny köpeltmäge ýardam berer.

Bütin dünýäde arylaryň sanynyň azalmagy diňe bir biodürlülige däl, eýsem, ekerançylyk ýerleriniň öndürijiligine-de howp salýar. Munuň üçin olaryň sanyny köpeltmekde täze teklipler öňe sürülýär. Şol teklipleriň biri hem awstraliýaly dizaýner Maýkl Kendä degişlidir.

Ol bu meseläni çözmek üçin täze tehnologiki oýlap tapyş etdi. Onuň 3D çap ediji arkaly işläp düzen robot gülleri emeli tozanlanmak bilen arylary hem bu işe çagyrýar. Arylar adaty güller bilen bir hatarda robot güllere hem gonup, iş öndürijiligini artdyryp bilerler.

«Sintetiki tozanlandyrma» diýlip atlandyrylýan bu usul arkaly arylar nektar arkaly tozanlandyrmaga höweslendirilýär. Ýagny, robot güller arylaryň duýgularyna täsir edýär, olary işe «ruhlandyrýar».

 

Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler geçiriler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly okuwçylar Ata Watanymyzy Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi