SPORT

Arslanmyrat Amanow – tejribäniň we üstünligiň ýoly

Arslanmyrat Amanow

Topary: AGMK (Özbegistan)

Belgisi: 77

Milli ýygyndy: Türkmenistan

Arslanmyrat Amanow diýlende biziň göz öňümize ilki bilen türkmen futbolunyň hem ýerli hem sebit döwletleriniň klublarynda abraýyna abraý goşan futbolçy gelýär. Arslanyň diňe bir ýurdumyzyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň klubaryndaky üstünlikleri ýatlanylman eýsem milli ýygyndymyzyň düzümindäki geçiren oýunlary, owadan gollary hem biz futbol muşdaklarynyň ýadyndan entekler çykmasa gerek.

Arslanmyrat 1990-njy ýylyň 28-nji martynda Mary welaýatynda dogulýar. Ol professional futbol karýerasyna 16-17 ýaşlarynda başlaýar. Aşgabat şäherinde sportuň dürli görnüşleri boýunça geljegiň parlak ýyldyzlaryny taýýarlap ýetişdirýän ýetginjekler mekdebiniň uçurymy bolan Arslan 2007-2009-njy ýyllar aralygynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” klubynyň düzüminde oýnaýar. Oýnap başlan ýylynda oňa ýurdumyzyň çempiony bolmak miýesser edýär. “Aşagabadyň” düzüminde yzly-yzyna iki çempionlykdan soňra 2010-njy ýylda HTTU-nyň düzüminde goşulýar. Öz üstünlikli ýoluny talyplar klubynda-da dowam eden Arslan milli ýygyndy bilen  Aziýa yklymynyň abraýly halkara ýaryşlarynyň biri bolan AFK-nyň Çagyryş kubogynda iki gezek finala çykýar(2010,2012).  Munuň özi şol wagtlar toparyň tejribesini, ajaýyp üstünligini görkezmek bilen Arslanyň hem şol üstünliklerde paýynyň uludygy ikuçsyzdyr.

Munuň şeýledigni indiki ýyllar has aýdyň görkezýär. Ýagny 2012-nji ýylda geljekki milli ýygyndymyzyň kapitanynyň daşary ýurtlardaky tejribeden, üstünlikden baý ýoly başlanýar. Ol 2012-nji ýylda özünden öňki türkmen futbolunyň görnükli wekilleri Jumadurdy Meredow, Goçguly Goçgulyýew ýaly doganlyk Gazagystan topragyna karýerasyny dowam etdirmäge gidýär. Ilki “Okžetpes” klubynda oýnan Arslanmyrat 2014-nji ýylda bize şol ýurduň tanyş klublaryndan Pawlodaryň “Irtyş” klubyna transfer bolýar.

Bu ýerden goňşy Özbegistanyň tanymal klublarynda geçen Arslanmyrat dürli klublarda, dürli bäsleşiklerde çykyş edip türkmen futbolunyň abraýyny has-da ýokary galdyrýar. 2015-2016-njy ýyllarda Özbegistanyň “Almalyk” toparyna geçen Arslan geçiren 54 oýnunda 8 gol geçirmegi başarýar.

2017-nji ýylda az wagtlyk ata ýurda gaýdyp gelen Arslanmyrat ýurdumyzyň yzyzgider çempion kluby “Altyn asyryň” düzüminde çykyş edýär. Şol ýyl hem ol özüniň üstünliklerine ýene bir çempionlyk goşýar.

Ertesi ýyl Özbegistanyň “Buhara” toparyna transfer bolan Arslanmyrat ondan soňra 2019-njy ýylda Taşkendiň “Lokomotiw” klubyna transfer bolýar. Bu ýerde oňa Özbegistanyň Superkubogyny gazanmak başardýar. Ýeri gelende belläp geçsek, Arslanmyrat hut “Lokomotiwiň” düzümindekä Aziýanyň iň ýokary derejeli bäsleşigi bolan Çempionlar Ligasynda çykyş edýär. Bu onuň bu ýaryşdaky ikinji kluby bolup ol mundan öň HTTU-nyň düzümindekä bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş edipdi(2010).

Arslanmyrat şu wagt AGMK-nyň düzüminde çykyş edýär.

Milli ýygyndymyzyň düzümine 2009-njy ýyldan bäri yzygider çagyrylyp gelinýän Arslanmyrat Çagyryş kubogyndan başga-da milli ýygyndynyň düzüminde 2019-njy ýylda Aziýanyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş edýär. Tejribeli tälimçi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda öz toparynda gowy oýun görkezen Arslanmyradyň yklymyň iň güýçli toparlaryndan Ýaponiýanyň derwezesinden uzak aralykdan depip geçiren owadan goly çempionatyň iň owadan gollarynyň 5-ligne düşmegi başardy.

Arslanmyradyň üstünlikli we tejribeli ýolunyň mundan beýläk hem has abraýly ýerlere ýetjekdigne, hem klub derejesinde, hem milli ýygyndyny dürli abraýly ýaryşlara kapitan hökmünde alyp gitjekdigne tüýs ýürekden ynam bildirýäris. Ýoluň ak bolsun, Arslanmyrat!

 

Serdar Muhamow,

sport synçysy

 

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Agyr atletika: dünýä rekordlary we 28 medal!

«Arkadag» topary möwsümi 3 kubok bilen tamamlady

Ukrain boksçy Usik Taýson Fýurini ýene-de ýeňdi

Kuraş sporty Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

2024-nji ýyl: sportda iň täsirli 50 zenan türgen

Ata Watan Eserleri

Modriç “Realyň” iň köp kubok gazanan futbolçysy boldy