SIZDEN GELENLER

Arkadagly Watanda – zenan mertebesi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

-Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerini, onuň alys künjeklerini gurşap alan toplumlaýyn hem-de giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Biz bu özgerişlikleriň ajaýyp miwelerini her bir adimde görýäris. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenen ýörelgeleri, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgesi üstünlikli dowam etdirilýär.

Her ýylda däp bolup gelşi ýaly Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň köp çagaly enelerine “Ene mähri” atly hormatly ady dakmagy, şeýle hem kärhanalarda we edaralarda işleýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlardan, mekdeplerde we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlardan başlap, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy biz zenanlary diýseň buýsandyrýar.

Türkmenistan Watanymyzda milli ýörelgelere laýyklykda enelerimiz döwlet derejesinde uly hormata we sarpa mynasyp.  Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň belent ruhy gymmatlyklaryny, parasatly däp-dessurlaryny we adatlaryny aýawly saklaýan enelerimiz milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sazlaşykly ösýän ýaş nesli – Watanymyzyň geljegini terbiýeläp ýetişdirmekde bitirýän işleriniň ähmiýeti örän uludyr.

Enelik we çagalyk barada alada etmek, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, türkmen aýal-gyzlarynyň döredijilik we aň-düşünjelerini ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan anyk işler, olaryň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, çagalaryň döwrebap ösdürilmegi, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan kömek berilmegi we başga-da birgiden çäreler munuň aýdyň mysaly bolup biler.

Zenanlar bu günki gün Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerine uly goşant goşmak bilen, özleriniň ukyp-başarnyklaryny halal zähmetlerine siňdirýärler. Türkmenistanly gelin-gyzlar dürli pudaklarda zähmet çekýärler, dünýäde barha rowaçlanýan döwletimiziň üstünliklerine öz goşantlaryny goşmak bilen, işjeňliklerini görkezýärler.

Ýurdumyzda zenan mertebesiniň şeýle belent tutulmagy bagtyýar durmuşyň berkarar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Bagtyýar durmuşyň bar ýerinde rahatlyk, asudalyk, agzybirlik, döredijilik höküm sürýär. Ýaşaýyş-durmuş maksatly mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi türkmen raýatlarynyň, mertebeli zenan maşgalalaryň başyny göge ýetirýär. Köp çagany ösdürip kemala getirmek, her bir çaganyň durmuşdaky ornuny kesgitlemäge kömek bermek ilki bilen ene-atanyň baş wezipesi bolup durýar. Döwletimiziň maşgala bilen bagly meselelerde uly goldawy öz üstüne almagy jemgyýetiň has-da kämilleşmegine öz oňaýly täsirini ýetirýär.

“Sagdyn adam – bu sagdyn maşgaladyr, sagdyn maşgala bolsa sagdyn jemgyýetiň ülüşidir” diýýän mähriban Arkadagymyzyň paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda yzygiderli  gurup ulanmaga berýän saglyk merkezleriniň, enaniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy klinikalaryň, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň ählisi hem  il-günümiz üçin döredýän şertleri we edýän irginsiz aladalary bolup durýar.

Ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler ýurtda zenanlarymyzyň abraýyny belende göterýär. Hut şonuň netijesinde dünýäniň durkuna deňelýän enelerimiz, abraý-mertebeli zenanlarymyz, edepli-ekramly uýalarymyz mähriban Arkadagymyzy alkyşlaýarlar. Döwletimiz kuwwatlanýar. Bu gün gün-günden ösüp, özgerip barýan Watanymyzy görmäge göz gerek. Şeýle ajaýyp döwürde biz iň bagtyýar zenanlardyrys.

Türkmen topragyny ajaýyp gülläp ösýän baga öwürýän, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpli özgerdýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha berkidýän we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň  jany sag, ömri uzak bolsun, bagtyýar durmuşyň hem-de döredijilikli ösüşiň dabaralanmagyny alamatlandyrýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Gülşirin Agaýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki

we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

 

“Apple”: täze elektron enjamlaryny hödürledi

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk