JEMGYÝET

Arkadag – Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheridir

Aşgabadyň 30 km günorta-günbatarynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygy 2019-njy ýylda başlandy. Kabul edilen ýörite Kanun bilen döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa ulagly (elektrik awtobuslary we elektrik awtoulaglary), “akylly” awtoulag duralgalary, gün panelleri, ýel turbinalary we ş.m. gurnalan, Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäher bolar. Häzirki wagtda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilýän şäher ösüşiniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu barada “turkmenistaninfo.gov.tm” internet neşiri habar berýär.

Täze şäherde takmynan 70000 adam ýaşar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde 336 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, lukmançylyk we medeni desgalar, sport desgalary we inžener ulgamlary ýaly döwrebap binalar guruldy. Arkadag şäherinde gurlan jaýlar, möwsüme laýyklykda öýiň içindäki temperaturany kadalaşdyrýan ýylylyk örtük bilen enjamlaşdyrylandyr. Şäherde 14 sany inžener ulgamlary we desgasy guruldy.

Häzirki wagtda Arkadag şäherinde 6 sany lukmançylyk edaralary guruldy. Geljekde bu ýerde ençeme saglyk merkezleri şol sanda eneler we çagalar üçin saglyk merkezi dörediler.

Mundan başgada Arkadag şäherinde 25 sany edara binalar bularyň içinde, şäher dolandyryş, işewirlik, sosial ulgam, ulag we aragatnaşyk infrastrukturasy bularyň ählisi täze iş orunlaryny döreder. Bulardan başgada 11 sany söwda dynç alyş merkezleri dörediler.

“Akylly şäheriň” esasy şertleriniň biri ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy. Şundan ugur alyp, Arkadag şäherinde jemi 20 sany 3G aragatnaşyk ulgamy we 20 4G (LTE) öýjükli aragatnaşyk ulgamy gurlar.

Arkadag şäherinde eýýäm 258 ýaşaýyş jaýlary guruldy. Arkadag şäherindäki her bir jaý “akylly” tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Bu tehnologiýalaryň kömegi bilen ýaşaýjylara amatly şertler dörediler we bu tehnalogiýa elektrik togyny tygşytlamaga kömek eder. Bu ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda 4 mekdep, 10 çagalar bagy, 5 bilim edarasy we 3 sport toplumy gurulan.

Şäheriň bilim edaralarynda elektron mekdep ulgamy, elektron kitaphanasy we onlaýn synag ulgamy ýaly IT çözgütlerini girizmek meýilleşdirilýär.

Taze döwrebap şäherde sorag-jogap hyzmaty merkezi hem peýda bolar. Bu merkez gije-gündiziň dowamynda işlär müşderiler 112 telefon belgisine jaň edip bilerler gelen jaňlara baglylykda merkeziň işgärleri tiz kömek, ýangyn we gaz howpsuzlygy hyzmatlaryna habar bererler we şonuň netijesinde degişli çäreler görüler.

Jemgyýetçilik hyzmatlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak üçin sebitiň merkezinde “akylly” zir-zibil gaplary oturdylar. “Akylly” zir-zibil gaplaryň gapaklarynda ýörite datçikler oturdylýar, olaryň kömegi bilen zibil doldurmagyň göterimi gözegçilik merkezine habar beriler.

Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň, köçeleriň we ýollaryň töwereginde howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilmegini hasaba almak üçin akylly 24 sagatlyk wideo gözegçilik ulgamy gurlar.

Merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy dörediler we edaralarda we kärhanalarda elektron resminama dolandyryş ulgamy ornaşdyrylar. Sebit merkeziniň portaly, onlaýn hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýän e.gov.tm jemgyýetçilik hyzmatlarynyň web sahypasynda açylar.

Arkadag şäherinde şäheriň Döwlet arhiwi, adybir teleýaýlym, gazet we futbol topary döredildi. Ýeri gelende, «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylarynyň Türkmenistanyň futbol çempionatynda üstünlikli çykyş edýändigini aýtmak gerek.

2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäklerinde her haýsy 720 orunlyk 5 sany umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9 sany 320 orunlyk çagalar bagynyň, saglyk öýleri, Ýangyn howpsuzlygynyň binalaryny gurmak göz öňünde tutlýar. Şeýle hem ikinji tapgyrda demir ýol wokzaly, awtomenzil, dispetçer nokatlary gurlar.

Ýeri gelende aýtsak, Arkadag şäheriniň gurluşygyna diňe Türkmenistanyň hususy gurluşyk kärhanalary hem-de türkmen arhitektorlary gatnaşdylar. Şäheriň gurluşygynda ulanylan serişdeler ekologiýa taýdan arassa bolmak bilen ýurdumyzyň çäginde öndürilýändigini bellemek gerek. Arkadag şäheriniň gurluşygyna Hormatly Prezidentimiz hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow elmydama üns merkezlerinde sakladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy