SPORT

“Arkadag” topary ynamly ýeňişler bilen öňe barýar

Şu gün, 6-njy aprelde ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Geçen tapgyrdaky duşuşykda garşydaşyny 8:0 hasabynda utan, ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Arkadag” topary bu tapgyrda paýtagtymyzyň “Köpetdagyny” 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli “Şagadam” topary Mary şäheriniň “Energetiginden” 2:0 hasabynda üstün çykdy. “Altyn Asyr” “Aşgabat” toparyndan üstün çykan bolsa (2:0), Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşykda “Ahal” myhmançylykda “Nebitçini” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde geçirilen duşuşyklardan soň 15 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda 12 utukdan toplan “Şagadam” bilen “Ahal” toparlary ornaşdylar.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji aprelde geçiriler: “Aşgabat” – “Nebitçi”, “Köpetdag” – “Altyn Asyr”, “Energetik” – “Arkadag”, “Merw” – “Şagadam”.

6-njy tapgyryň duşuşyklary:

 “Şagadam” – “Energetik” – 2:0

“Arkadag” – “Köpetdag” – 5:0

“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 2:0

“Nebitçi” – “Ahal” – 0:1

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   “Arkadag” FK 5 5 0 0 25-2 15
2.  “Şagadam” FK 6 4 0 2 10-5 12
3.  “Ahal” FK 6 4 0 2 9-6 12
4.  “Altyn Asyr” FK 5 3 0 2 7-6 9
5.  “Merw” FK 5 3 0 2 4-3 9
6.  “Aşgabat” FK 6 2 1 3 5-11 7
7. “Nebitçi” FK 5 1 0 4 3-10 3
8.  “Köpetdag” FK 5 0 2 3 3-12 2
9.  “Energetik” FK 5 0 1 4 1-12 1

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy