JEMGYÝET

Ärdogan Türkmenistan we Azerbaýjan bilen gol çekilen ylalaşygy tassyklady

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady hyzmaydaşlyk boýunça gol çekilen hökümetara ylalaşygy tassyklamak hakyndaky karara gol çekdi. Bu karar ýurduň resmi gazetinde çap edildi.

– Üç döwlet harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasy, energetika, oba hojalygy, azyk we maldarçylyk, gurluşyk pudagy, maşyngurluşyk, enjamlar we materiallar, awtomobil gurluşygy, himiýa senagaty, dokma senagaty, ulag we logistika, maliýe we maýa goýum ýaly ugurlar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ylalaşdylar – diýip, Türkiýäniň “Resmi gazete” gazetinde çap edilýär.

Bu ylalaşyk 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň birinji üçtaraplaýyn sammitinde gol çekilipdir.

Üçtaraplaýyn ylalaşyk Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleri tarapyndan ozal tassyklanypdy.

Ýene-de okaň

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler