20-nji sentýabrda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Arkadag” topary Mary şäheriniň “Energetigi” bilen duşuşdy. Bu duşuşykda ynamly oýun görkezen “Arkadag” topary garşydaşyndan 6:1 hasabynda üstün çykdy.
Gazanan bu ýeňşinden soň 39 utuk toplan “Arkadag” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär.
Ikinji, üçünji orunlarda 32 hem-de 25 utukdan toplan “Altyn Asyr” hem-de “Nebitçi” toparlarynyň ornaşandyklaryny bellemek gerek.
16-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
“Arkadag” – “Energetik” – 6:1
Gollar: 18, 39 Begmyrat Baýow, 45+2 Yhlas Toýjanow, 75 Nazar Towakelow, 76 Şanazar Tirkişow, 90+2 (11 m.j.u.) Altymyrat Annadurdyýew (“Arkadag”) – 7 Guwanç Berdimyradow (“Energetik”)
Duýduryş: 44 Aly Haýdarow (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | «Arkadag» | 13 | 13 | 0 | 0 | 45-10 | 39 |
| 2. | «Altyn Asyr» | 14 | 10 | 2 | 2 | 37-12 | 32 |
| 3. | «Nebitçi» | 14 | 8 | 1 | 5 | 23-16 | 25 |
| 4. | «Aşgabat» | 15 | 5 | 2 | 8 | 18-34 | 17 |
| 5. | «Köpetdag» | 13 | 5 | 2 | 6 | 17-25 | 17 |
| 6. | «Ahal» | 13 | 5 | 1 | 7 | 18-19 | 16 |
| 7. | «Merw» | 11 | 3 | 3 | 5 | 12-16 | 12 |
| 8. | «Energetik» | 15 | 4 | 0 | 11 | 12-33 | 12 |
| 9. | «Şagadam» | 16 | 2 | 3 | 11 | 10-27 | 9 |
