JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ähmiýetli forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen, binagärlik, ekologik derejesi boýunça köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheri belent maksatlary nazarlap, günsaýyn ösýär we özgerýär. Onuň gözel keşbinde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Arkadag şäheriniň ýeten derejesi öz beýanyny tapýar.

Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini şu kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa.

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 12-nji marty.

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri