Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we şäheriň aragatnaşyk düzüminiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine ak patasyny berdi.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew müdirligiň işine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Ilki bilen, Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleriniň şekil taslamalary görkezildi. Bellenilişi ýaly, demir ýol menzili häzirki zamanyň talaplaryna, dünýäniň ösen tejribelerine esaslanyp bina ediler. Şunda toplumyň ähli ulgamyny dolandyrmak, onuň işine gözegçilik etmek täzeçil tehnologiýalar esasynda amala aşyrylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň täze awtomobil menziliniň binalarynyň gurluşygy, onuň daşky we içki bezeg işleri häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyklykda alnyp barlar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň merkezi binasynyň özboluşly görnüşe eýe bolmagyna, onuň bezeg aýratynlyklaryna, ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegine zerur üns berler.
Hasabatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerinde oturdyljak Gün panelleri barada aýdyldy. Gün panelleri Aziýanyň ösüş bankynyň grant serişdeleriniň hasabyna gurlar. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri bilen bilelikde alnyp barlar. Bellenilişi ýaly, Gün panelleri menzilleriň dolandyryş düzümlerini we yşyklandyryş ulgamyny zerur bolan elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün eder.
Hormatly Arkadagymyz binalaryň gurluşygynda, olaryň bezeg işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine, gurluşyk serişdeleriniň berkligine, uzak möhletleýinligine möhüm ähmiýet berilmelidir. Binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, olarda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiz binalarda oturdyljak Gün panelleriniň derejesine, olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine we ýokary kuwwatlylyga eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigine, şunda ylmyň gazananlarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň esasy ugur edinilmelidigine ünsi çekdi. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk pudagynda-da döwür bilen aýakdaş bolmak häzirki zamanyň derwaýys talabydyr.