JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy 29-njy iýunda geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe möüm resminamalara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna taýýarlygy üpjün etmek göz öňünde tutuldy. Bu  barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şu ýylyň 29-njy iýunda dabaraly açylmagy göz öňünde tutulan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Medeniýet ministrligi, Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýokayr derejede taýýarlyk görmek tabşyryldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň beýleki ministrliklerine we pudaklaýyn edaralaryna ýokarda agzalyp geçilýän ministrliklere Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy üçin ýakyndan ýardam bermek tabşyryldy.

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri